Resullaryň Işleri

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Chapter 12

1 Şol wagtlar Hirodes patyşa ýygnaga degişli bolanlaryň käbirini sütem etmek maksady bilen tutdy.
2 Ýahýanyň dogany Ýakuby gylyç bilen öldürtdi.
3 Ol munuň ýehudylaryň göwnüne ýaranyny görüp, soňra Petrusy-da tutdy. Petir baýramy günleridi.
4 Hirodes Petrusy ele salyp, Pesahdan soň halk öňüne çykarmak niýeti bilen zyndana saldy-da, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýmagy tabşyrdy.
5 Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, ýöne ýygnak onuň üçin Hudaýa jan çekip doga edýärdi.
6 Hirodesiň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy, garawullar-da gapynyň agzynda zyndana garawulçylyk edýärdiler.
7 Birdenkä Rebbiň bir perişdesi görnüp, türmede nur ýalpyldady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz tur!» diýdi. Şobada-da Petrusyň zynjyrlary elinden ýere gaçdy.
8 Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy bagla!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde oňa: «Geýimiňi geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi.
9 Petrus daşary çykyp, onuň yzyna düşdi. Ol perişde arkaly bolanlaryň çynlygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi.
10 Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä geldiler. Derweze olara öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäni ilerligine geçdiler welin, perişde birdenkä gaýyp boldy.
11 Ine, şonda Petrus aýňalyp: «Rebbiň perişdesini ýollap, Hirodesiň elinden, ýehudy halkynyň garaşan ähli zatlaryndan meni halas edendigine, hakykatdan hem, indi göz ýetirýärin» diýdi.
12 Muny aňlanyndan soň, ol Markus lakamly Ýahýanyň ejesi Meremiň öýüne gitdi. Ol ýerde köp adam üýşüp, doga edip otyrdy.
13 Petrus howlynyň gapysyny kakanda, gapyny Roda atly bir keniz açmaga geldi.
14 Ol Petrusyň sesini saýgaranda, begenjinden ýaňa gapyny açman, içerik ylgap, Petrusyň howlynyň gapysynda duranyny habar berdi.
15 Öýdäkiler oňa: «Sen akylyňdan azaşypsyň» diýdiler. Ýöne ol öz gepini berk nygtanynda olar: «Ol Onuň perişdesidir» diýdiler.
16 Emma Petrus birsyhly gapyny kakyp durdy. Gapyny açanlarynda, ony görüp haýran galdylar.
17 Seslerini çykarmazlyklary üçin, Petrus olara eli bilen yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan çykaranyny olara gürrüň berip: «Muny Ýakuba hem doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.
18 Gün doganda, Petrusa näme bolduka diýip, esgerleriň arasyna uly galmagal düşdi.
19 Hirodes Petrusy agtardy. Ol ony tapmansoň bolsa garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirodes Ýahudadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy.
20 Hirodes Sire we sidonlylara garşy dişini gyjaýardy. Olar hem birleşip, Hirodesiň ýanyna geldiler-de, patyşanyň ýatak jaýynyň başlygy Wlastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler; çünki olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.
21 Ine, bellenen günde Hirodes patyşalyk lybasyny geýip, kürsüde oturdy-da, halka söz sözledi.
22 Halk hem: «Bu bir taňry sesi, ynsan sesi däl!» diýip gygyryşýardy.
23 Şol bada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi urdy, çünki ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýlelikde, ol endam-jany gurtlap öldi.
24 Hudaýyň sözi bolsa pajarlap ösýärdi.
25 Barnabas bilen Saul hem ýumşy bitirip, yzlaryna gaýtdylar. Olar Markus lakamly Ýahýany-da ýanlaryna alyp, Iýerusalimden yzlaryna öwrüldiler.