Resullaryň Işleri

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Chapter 6

Bu şägirtleriň sanynyň barha artýan günlerinde grekçe gepleşýän ýehudylar tarapyndan ýerli halka garşy nägilelik döredi, çünki gündelik iýmit paýlaşygynda olaryň dul hatynlary gözden salynýardy.
2 Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna çagyryp, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözüni taşlap, saçak başynda hyzmatkärlik etmek bize gelşikli däl.
3 Eý doganlar, öz araňyzdan ýagşy atly, Mukaddes Ruhdan doly we akyl-paýhasly ýedi adamy saýlaň; bu işi şolara tabşyralyň.
4 Biz doga we sözüň gullugyna beriljek».
5 Bu söz bütin jemagata ýarady. Olar imandan hem Mukaddes Ruhdan doly adamlar bolan Stefanusy, Filipusy, Prohorusy, Nikanory, Timony, Parminasy we ýehudy dinine geçen antakiýaly Nikolausy saýladylar-da, bulary
6 resullaryň öňünde duruzdylar. Resullar ellerini olaryň depesinde goýup, olar üçin doga etdiler.
7 Şeýlelikde, Hudaýyň sözi ýaýylyp, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Ruhanylaryň uly topary-da imana uýýardylar.
8 Iman we güýç bilen doly bolan Stefanus halk arasynda uly gudratlar, alamatlar görkezýärdi.
9 Şol aralykda libertinler, kirneliler, isgenderiýalylar diýip atlandyrylan sinagogadan, şeýle hem, Kilikiýadan we Aziýadan bolan käbir adamlar gelip, Stefanus bilen jedelleşdiler.
10 Ýöne onuň parasatlylygyna we Ruha garşylyk görkezmäge olaryň gurplary çatmady.
11 Şeýlelikde, birnäçe kişini yryp, olara: «Onuň Musa we Hudaýa dil ýetirenini eşitdik» diýdirdiler.
12 Halky, ýaşululary we kanunçylary öjükdirdiler. Baryp, Stefanusy tutdular-da, mejlisiň öňüne getirdiler.
13 Ýalan güwäler goýdular, olar-da: «Bu adam häli-şindi şu mukaddes mekana, Kanuna dil ýetirip ýör.
14 Biz onuň: „Nasyraly Isa bu mekany berbat eder, Musanyň bize beren adatlaryny üýtgeder" diýenini eşitdik» diýdiler.
15 Mejlisde oturanlaryň bary Stefanusyň ýüzüne seredenlerinde, onuň ýüzüniň bir perişdäniň ýüzüne meňzeýänligini gördüler.