Resullaryň Işleri

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Chapter 13

1 Antakiýadaky ýygnakda birnäçe pygamber we mugallym bardy: Barnabas, Niger diýen Simun, kireneli Lukius, ýurduň dörtden birine höküm sürýän bilen bile ulalan Manean we Saul.
2 Bular Rebbe ybadat edip, oraza tutup ýörkäler, Mukaddes Ruh: «Meniň çagyran işim üçin, Barnabas bilen Sauly Maňa aýryp goýuň!» diýdi.
3 Şonda oraza tutup, doga etdiler-de, ellerini olaryň üstüne goýup, Barnabas bilen Sauly ýola saldylar.
4 Şeýlelikde, Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnabas bilen Saul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipre geçdiler.
5 Onsoň Salamise gelip, ýehudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň sözüni wagyz etdiler. Ýahýa hem olara ýardam edýärdi.
6 Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Bareşu atly bir jadygöý hem ýalan ýehudy pygambere sataşdylar.
7 Bareşu paýhasly adam bolan häkim Serjius Pawlusyň ýanynda bolardy. Häkim Barnabas bilen Sauly çagyryp, olardan Hudaýyň sözüni eşitmek isledi.
8 Emma Elimas jadygöý (onuň ady şeýle terjime edilýär) olara garşy çykyp, häkimi imandan dändirjek boldy.
9 Şeýlelikde, Saul, ýagny Pawlus Mukaddes Ruhdan dolup, oňa seretdi we şeýle diýdi:
10 «Eý, ähli kezzaplykdan we ähli galplykdan doly adam, iblis ogly, ähli dogrulygyň duşmany! Sen Rebbiň dogry ýollaryny egreltmegi bes etjek dälmi?
11 Indi, ine, Rebbiň eli üstüňe gelýär, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli güneşi görmersiň». Şobada-da onuň üstüne tümlük, garaňkylyk indi. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam agtaryp başlady.
12 Häkim ýüze çykan wakany görüp iman etdi, çünki ol Rebbiň taglymatyna haýran galypdy.
13 Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýa Pergasyna geldiler. Şol ýerde Ýahýa olardan aýrylyp, Iýerusalime gaýtdy.
14 Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýa Antakiýasyna geçdiler. Sabat güni sinagoga baryp oturdylar.
15 Mukaddes Kanundan we pygamberler ýazgysyndan okalandan soň, sinagoga başlyklary olara adam ýollap: «Doganlar, halka öwüt-ündewli sözüňiz bar bolsa aýdyň» diýdiler.
16 Şeýlelikde, Pawlus turup, eli bilen yşarat edip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýylly adamlar, Hudaýdan gorkýanlar, diňläň!
17 Bu Ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň atalarymyzy saýlady, halky Müsür ýurdunda oturan mahaly beýgeldip, güýçli gol bilen ol ýerden çykardy.
18 Olary kyrk ýyl çemesi çölde ekledi.
19 Kengan ýurdunda ýedi milleti heläkläp, ýurtlaryny olara miras berdi.
20 Onsoň olara dört ýüz elli ýyl çemesi ― Samuýel pygambere çenli kazylar berdi.
21 Ine, şondan başlap, olar bir patyşa talap etdiler. Hudaý olara kyrk ýyllap benýamyn taýpasyndan bir adamy, ýagny Kişiň ogly Sauly berdi.
22 Ony tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi. Ol hakda güwä hem geçip: „Göwnüme jaý bir adamy, Ýessäniň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder" diýdi.
23 Şeýlelikde, Hudaý Öz wadasyna görä, onuň neslinden Ysraýyl üçin Isany halasgär edip çykardy.
24 Ol gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin Ysraýyl halkyna toba etmegi wagyz edip, olary çokundyrylmaga çagyrdy.
25 Ýahýa işini bitirmäge golaýlan wagty şeýle diýdi: „Meni kimdir öýdýärsiňiz? Men ― Ol däl. Ine, meniň yzymdan Biri geler, men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin".
26 Doganlar, eý, Ybraýym nesliniň ogullary we araňyzdaky Hudaýdan gorkýanlar! Bu gutulyş sözi size iberildi.
27 Çünki Iýerusalim ilaty we olaryň başlyklary Ony tanamadylar. Ony höküm etmek bilen, her sabat güni okalýan pygamberler sözlerini berjaý etdiler.
28 Ölüm jezasyna hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatusdan Onuň öldürilmegini haýyş etdiler.
29 Ol hakda ýazylanlaryň baryny bitirenlerinden soň bolsa Ony agaçdan aşak düşürip, bir mazarda goýdular.
30 Emma Hudaý Ony direltdi.
31 Ol Özi bilen Jelileden Iýerusalime gelenlere köp günleriň dowamynda göründi. Şindi bu adamlar halkyň öňünde Onuň güwäleridir.
32 Biz atalara berlen wadanyň hoş habaryny size wagyz edýäris.
33 Hudaý Isany direltmek bilen, olaryň oglanlary bolan biziň üçin şol wadany ýerine ýetirdi. Ikinji mezmurda hem şeýle ýazylypdyr: „Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seni öndürdim".
34 Asla çüýretmezlik üçin, Ony ölümden direldişi hakda hem şeýle diýdi: „Men size Dawuda wada eden mukaddes hem ygtybarly bereketlerimi bererin".
35 Munuň üçin başga bir ýerde-de: „Sen Öz Mukaddesiňiň çüýremegine razy bolmarsyň" diýýär.
36 Çünki Dawut Hudaýyň islegi boýunça öz nesline gulluk edenden soň öldi. Ol atalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň bedeni çüýredi.
37 Ýöne Hudaýyň Direldeni çüýremedi.
38 Biliň, eý doganlar, günäleriň bagyşlanmagy bu Adam arkaly size wagyz edilýär.
39 Musanyň kanunynda aklanyp bilmedik bütin zatlaryňyzda iman eden her kes bu Adam arkaly aklanar.
40 Indi sak boluň, pygamberler kitabynda aýdylanlar başyňyza geläýmesin:
41 „Serediň, eý masgaralaýjylar, haýran galyň, heläk boluň; çünki Men siziň günleriňizde şeýle bir iş ederin welin, ony size biri beýan etse, asla ynanmarsyňyz"».
42 Olar ýehudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, ýehudy däller bu sözleriň geljek sabat güni-de özlerine wagyz edilmegini olardan haýyş etdiler.
43 Sinagogadaky halaýyk daganynda, ýehudylaryň we ýehudy dinine geçip, Hudaýa ybadat edýänleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabasyň yzyna düşdüler. Bular hem gürrüň berip, Hudaýyň merhemetinde erjellik etmekleri üçin, olara nesihat etdiler.
44 Soňky sabat güni bolsa Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, bütin şäher diýen ýaly ýygnandy.
45 Ýehudylar halaýygy görenlerinde göripçilikden dolup, Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, dil ýetirdiler.
46 Pawlus bilen Barnabas hem gaýratlylyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözi ilki size wagyz edilmelidi. Ýöne siz ony ret etdiňiz, özüňizi ebedi ýaşaýşa mynasyp görmediňiz. Şonuň üçin, ine, biz özge milletlere tarap ýüzlenýäris.
47 Çünki Reb bize şeýle tabşyrdy: „Ýeriň ujuna çenli gutulyş daşamagyň üçin, Men Seni milletlere nur etdim"».
48 Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň sözüni şöhratlandyrdylar. Şeýlelikde, ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň bary iman etdi.
49 Rebbiň sözi ýurduň hemme ýerine ýaýraýardy.
50 Ýehudylar dindar, sylanýan aýallary we şäheriň abraýly adamlaryny öjükdirdiler. Şeýlelikde, Pawlus bilen Barnabasy kowalap, serhetlerinden çykardylar.
51 Pawlus bilen Barnabas aýaklarynyň tozuny olara garşy kakyp, Konýa gitdiler.
52 Şägirtler bolsa şatlyk we Mukaddes Ruh bilen doludylar.