Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 10

Nuhuň ogullary Samyň, Hamyň hem-de Ýafesiň nesilleri şulardyr. Silden soň olardan şu çagalar doguldy.
2 Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.
3 Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.
4 Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodan.
5 Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
6 Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.
7 Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.
8 Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.
9 Nimrot Rebbiň huzurynda batyr – awçy bolup ýetişdi. Şol sebäpden hem il arasynda: «Rebbiň huzuryndaky Nimrot ýaly batyr – awçy» diýilýär.
10 Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat galalarynyň üçüsini öz içine alýardy.
11 Nimrot ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni, Rehobotiri, Kalany hem-de Ninewe bilen beýik gala bolan Kalanyň aralygyndaky Reseni bina etdi.
13 Müsür ludlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.
15 Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy.
16 Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň,
17 hiwileriň, arklaryň, sinleriň,
18 arwadlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.
19 Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi.
20 Ine, Hamyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
21 Ýafesiň agasy Samdan-da ençeme ogul dünýä indi. Ol ýewreýleriň atasydy.
22 Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir.
23 Us, Hul, Geter we Maş Aramyň nesilleridir.
24 Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy.
25 Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halk bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.
26 Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera,
27 Hadoram, Uzal, Dikla,
28 Obal, Abymaýyl, Şeba,
29 Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir.
30 Olar Meşa bilen Separ aralygyndaky gündogar daglarda mesgen tutdular.
31 Ine, Samyň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä öz topraklarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.
32 Nuhuň ogullaryndan milletleri boýunça emele gelen tireler şulardyr. Silden soň olardan ençeme milletler döräp, olar tutuş ýer ýüzüne ýaýradylar. ‎