Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 7

Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm.
2 Olaryň tohumlaryny ýer ýüzünde diri saklamak üçin, halal haýwanlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt, haram haýwanlaryň erkeginden we urkaçysyndan iki jübüt, şeýle hem guşlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt al.
3
4 Çünki ýedi günden soň, Men kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyryp, Öz ýaradan janly-jandarlarymyň ählisini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn».
5 Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi.
6 Ýere sil gelende, Nuh alty ýüz ýaşyndady.
7 Nuh, onuň ogullary, aýaly we gelinleri silden gutulmak üçin gämä mündüler.
8 Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly, halal we haram haýwanlar, guşlardyr süýrenijiler erkek we urkaçy jynsynda jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler.
10 Ýedi günden soň ýer ýüzüni sil aldy.
11 Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy.
12 Kyrk gije-gündizläp, ýer ýüzüne dynman ýagyş ýagdy.
13 Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler.
14 Ähli haýwanlar, mallar, süýrenijiler we guşlar – ähli ganat-perliler hersi öz taýyna görä, burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler.
16 Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy.
17 Ýer ýüzünde sil kyrk gün dowam etdi. Suw gitdigisaýy joşdy we gämi ýerden ýokary göterildi.
18 Ýerde suw joşup, juda köpeldi; gämi suwda ýüzüp ýördi.
19 Suw ýerde şeýle bir joşdy welin, hatda ýer ýüzündäki bar belent daglar-da suwuň aşagynda galdy.
20 Suw daglaryň depesinden on bäş gez ýokary galdy; daglaryň üsti suw bilen örtüldi.
21 Ýer ýüzünde hereket edýän janly-jandarlaryň ählisi, guşlar-da, mallardyr haýwanlar-da, süýrenijilerdir ynsanlar-da ýok boldular.
22 Gury ýerdäki burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi öldi.
23 Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar.
24 Tutuş ýer ýüzüni ýüz elli günläp sil aldy. ‎