Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 3

Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.
2 Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar.
3 Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi».
4 Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz.
5 Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».
6 Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.
7 Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.
8 Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Reb Hudaýyň sesini eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler.
9 Reb Hudaý adamy çagyryp: «Sen nirede?» diýdi.
10 Adam: «Men bagda, Seniň sesiňi eşidip, gorkup gizlendim, çünki men ýalaňaçdym» diýdi.
11 Reb Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy saňa kim aýtdy? Iýme diýip gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiňmi?» diýip sorady.
12 Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi.
13 Reb Hudaý aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.
14 Reb Hudaý ýylana: «Şeýle edeniň üçin, Ähli mallaryň we haýwanlaryň Iň nälet siňeni sen bolarsyň. Garnyňyň üstünde süýrenip gezersiň sen, Ömürboýy toprakdan iýmitlenersiň sen.
15 Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
16 Reb Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, Agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, Sen äriňe meýilli bolarsyň, Emma ol höküm sürer seniň üstüňden».
17 Adama bolsa Reb Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.
18 Toprak saňa akbaş-ýandak öndürip berer. Sen meýdan otlaryny iýersiň.
19 Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, Nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».
20 Adam aýalyna How diýip at dakdy. Çünki How ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy.
21 Reb Hudaý adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi.
22 Reb Hudaý: «Ine, adam ýagşy-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş agajyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi.
23 Şoňa görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Reb Hudaý adamy Erem bagyndan çykardy.
24 Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş agajyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda kerup hem-de aýlanyp durýan ýalynly gylyjy goýdy. ‎