Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 40

Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler.
2 Bu ikisine fyrownyň gahary geldi.
3 Ol bulary janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndanda, Ýusubyň saklanýan zyndanyna saldy.
4 Janpenalaryň baştutany Ýusuby olaryň baştutany edip goýdy; Ýusup olara hyzmat etdi. Olar birnäçe wagt zyndanda boldular.
5 Bir gije Müsür patyşasynyň tussaglykda saklanýan sakysy bilen nan bişirijisi düýş gördüler. Düýşleriň hersiniň özüne mahsus ýorgudy bardy.
6 Daň bilen Ýusup bu ikisiniň ýanyna geldi; olar birhili ünjülidiler.
7 Ol bu tussaglardan: «Bu gün näme sebäpden ünjüli görünýärsiňiz?» diýip sorady.
8 Olar Ýusuba: «Biz düýş gördük, ýöne ony ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup olara: «Ýorgut Hudaýdan dälmidir ahyryn?! Hany, düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýdi.
9 Baş saky düýşüni Ýusuba gürrüň berdi: «Düýşümde üzüm agajyny gördüm.
10 Üzüm agajynyň üç şahasy barmyş. Ol ösüp, gülleýärmişin-de, onda üzüm salkymlary peýda bolýarmyş.
11 Fyrownyň käsesi hem meniň elimdemiş. Men üzümi fyrownyň käsesine sykyp, käsäni oňa uzadýarmyşym».
12 Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür.
13 Üç günden fyrown seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen fyrowna ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.
14 Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Fyrownyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber.
15 Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».
16 Baş nan bişiriji Ýusubyň düýş ýormaga ökdedigini görüp: «Men hem düýş gördüm. Depämde üç sebet çörek barmyş.
17 Sebetleriň iň üstküsinde fyrown üçin undan bişirilen dürli nygmatlar barmyş, olary guşlar iýýärmiş» diýip, Ýusuba düýşüni gürrüň berdi.
18 Ýusup oňa: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç sebet üç gündür.
19 Ýene üç günden fyrown seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».
20 Üç günden soň fyrown öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.
21 Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, fyrown baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol fyrowna sakylyk etdi.
22 Baş nan bişirijini-de Ýusubyň aýdyşy ýaly, patyşa dardan asdyrdy.
23 Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy. ‎