Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 12

«Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size eýelemäge beren ýurdunda bütin ömrüňiziň dowamynda yhlas bilen berjaý etmeli parzlaryňyz we hökümleriňiz şulardyr:
2 siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we her bir ýaprakly agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň.
3 Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň.
4 Siz Hudaýyňyz Rebbe bu milletleriň ýoly bilen sežde etmeli dälsiňiz.
5 Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň,
6 we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, 'hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.
7 Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.
8 Bu gün biziň bu ýerdäki hereket edişimiz ýaly, hereket etmeli dälsiňiz. Biziň hemmämiz öz islegimize görä hereket edýäris.
9 Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz.
10 Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz.
11 Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy getiriň. Olar şu zatlardyr: ýakma gurbanlyklaryňyz, mal sadakalaryňyz, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyz, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyz.
12 Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň (çünki siziň araňyzda lewileriň ýer paýy ýa-da mülki ýokdur).
13 Seresap boluň, ýakma gurbanlyklaryňyzy islän ýeriňizde berip ýörmäň.
14 Siz ony tireleriňiziň içinde diňe Rebbiň saýlajak ýerinde beriň. Siz ol ýerde ýakma gurbanlyklaryňyzy berip, meniň buýurýan ähli zatlarymy ýerine ýetirersiňiz.
15 Muňa garamazdan, Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä, ýaşaýan ýeriňizde islän wagtyňyz mal öldürip, etini iýip bilersiňiz. Ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler.
16 Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.
17 Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz.
18 Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.
19 Ol ýerde lewileri äsgermezlik etmekden ömürboýy ägä boluň.
20 Hudaýyňyz Reb Özüniň söz berşi ýaly, siziň ýerleriňizi giňeldende, seniň et iýesiň gelip: „Men et iýjek“ diýseň, sen islän wagtyň et iýip bilersiň.
21 Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden daş bolsa, meniň buýruşym ýaly, Rebbiň size beren mal-garalarydyr dowarlaryndan soýuň. Olary siz galalaryňyzda islän wagtyňyz iýip bilersiňiz.
22 Şeýle hem, ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler.
23 Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan – bu jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz.
24 Eti gany bilen iýmäň, onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.
25 Eti gany bilen iýmäň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz, sebäbi siz Rebbiň nazarynda dogry işler edýärsiňiz.
26 Emma siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň.
27 Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.
28 Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz.
29 Hudaýyňyz Reb siziň eýelejek ýeriňizdäki halklary siziň öňüňizden ýok edende we olary kowup çykaryp, ýerine özüňiz ornaşanyňyzda
30 ägä boluň. Olar siziň öňüňizden ýok edilenden soň hem, olaryň bolşy ýaly duzaga düşäýmäň. „Bu halklar hudaýlaryna nädip sežde edýärler? Biz hem şeýle ederis“ diýip, olaryň hudaýlaryna degişli soraglar bermäň.
31 Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.
32 Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem». ‎