Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 23

«Erkeklik tohumlygy ýenjilen ýa-da kesilen adam Rebbiň jemagatyna girmeýär.
2 Bikanun doglan Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniňem hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
3 Ammonlar hem, mowaplylar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
4 Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.
5 (Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwürdi. Hudaýyňyz Reb siziň üçin näleti alkyşa öwürdi, sebäbi Hudaýyňyz Reb sizi söýýär).
6 Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.
7 Edomlylaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.
8 Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler».
9 «Duşmanlaryňyza garşy söweşmek üçin düşläniňizde özüňizi her hili haramlykdan goraň.
10 Eger araňyzdan biriniň gije tohumy akyp, haram bolsa, düşelgäňizden daşary çyksyn. Ol düşelgäňize girmeli däldir.
11 Agşam düşende, ol ýuwunsyn, gün batandan soň, ol düşelgäňize girip biler.
12 Aýak ýoly üçin düşelgäňiziň daşynda belli bir hajathana ýeriňiz bolmalydyr.
13 Aýak ýoluna çykanyňyzda, ýanyňyz bilen kepje alyp gidiň. Täret edip bolanyňyzdan soň, çukur gazyp, täretiňizi gömüň.
14 Çünki Hudaýyňyz Reb sizi halas etmek üçin we duşmanlaryňyzy siziň eliňize bermek üçin düşelgäňiziň içine aýlanar. Şonuň üçin düşelgäňiz päk bolmalydyr, Reb araňyzda nejis zat görüp, sizden ýüz öwürmesin».
15 «Hojaýynlaryndan gaçyp, ýanyňyza gelen gullary yzyna eltip bermäň.
16 Olar siziň araňyzda, öz saýlan islendik galasynda, göwünleriniň islän ýerinde siziň bilen bile ýaşabersinler. Olary horlamaň».
17 «Ysraýyl gyzlarynyň hiç biri buthanada jelep bolup işlemesin. Ysraýyl ogullarynyň hem hiç biri munuň ýaly iş etmesin.
18 Olaryň jelepçilikden gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir».
19 «Ysraýyl doganyňyza pul, azyk, beýleki zatlaryňy peýda görmek niýeti bilen karz bermäň.
20 Peýda görmek üçin, keseki ýurtla karz berseňiz bolar, emma öz ysraýyl doganyňyza karzy peýda görmek üçin bermäň. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň mülk edinjek ýurduňyzda etjek ähli işleriňize bereket berer».
21 «Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz.
22 Sadaka aýtmadyk bolsaňyz, onda günä gazanmarsyňyz.
23 Ýöne Hudaýyňyz Rebbe öz agzyňyz bilen aýdan sadakaňyzy aýdyşyňyz ýaly, diliňiziň geplän zadyny yhlas bilen ýerine ýetiriň».
24 «Eger siz biriniň üzüm bagyna girseňiz, onuň üzüminden tä doýýançaňyz iýseňiz iýiň, ýöne ondan gaba salyp ýanyňyz bilen alyp gaýtmaň.
25 Eger siz biriniň ekin meýdanyna girseňiz, bugdaýyň dänesini eliňiz bilen ýygsaňyz, ýygyň, emma onuň bugdaýyna orak salmaň». ‎