Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 5

Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.
2 Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy.
3 Reb bu ähti ata-babalarymyz bilen baglaşmady, Ol ähti biziň bilen, bu günki gün, bu ýerde diri galanlarymyzyň hemmesi bilen baglaşdy.
4 Reb dagda ot içinden siziň bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşdi.
5 (Şol wagt Rebbiň sözlerini size ýetirmek üçin, Reb bilen siziň araňyzda men durdum, çünki siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz)». «Reb şu on tabşyrygy berdi: On tabşyryk
6 „Gulçulykda ýaşan ýurduň Müsürden seni çykaryp getiren Hudaýyň Reb – Mendirin.
7 Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
8 Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.
9 Sen olara sygynyp gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çenli çekdirerin.
10 Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin.
11 Hudaýyň Rebbiň adyny ýerliksiz agzama, çünki Reb Öz adyny ýerliksiz agzan adamy jezasyz goýmaz.
12 Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat kanunlary ýerine ýetirmeli.
13 Alty günde ähli işleriňi edersiň.
14 Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler.
15 Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününi dynç güni hökmünde ýerine ýetirmegiňi buýurdy.
16 Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.
17 Adam öldürme.
18 Zyna etme.
19 Ogurlyk etme.
20 Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme.
21 Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz gyzdyrma“.
22 Reb bu sözleri dagda ot içinden, buludyň we tüm garaňkylygyň içinden gaty ses bilen tutuş jemagata aýtdy. Başga hiç zat goşmady. Ol bu sözleri iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi».
23 «Dag lowlap ýanýarka, Rebbiň garaňkylygyň içinden gelýän sesini eşideniňizde, ähli tirebaşylaryňyzdyr ýaşulularyňyz ýanyma gelip,
24 maňa şeýle diýdiňiz: „Ine, Hudaýymyz Reb bize Öz şöhratyny we beýikligini görkezdi. Biz Onuň ot içinden çykýan sesini eşitdik. Bu gün biz Hudaý ynsan bilen gepleşse-de, ynsanyň diri galyp biljek ekendigini gördük.
25 Näme üçin biz bu gün ölmeli? Çünki bu beýik ot bizi ýandyrar. Emma Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitsek biz öleris.
26 Çünki ot içinden gepleýän diri Hudaýyň sesini eşidip, adamzat arasynda biz ýaly ölmän galan barmy?
27 Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“.
28 Meniň bilen gepleşen wagtyňyz, Reb siziň maňa aýdan sözleriňizi eşidip, maňa şeýle diýdi: „Men bu halkyň saňa aýdanlaryny eşitdim. Olaryň hemmesi dogry.
29 Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!
30 Bar, git-de olara: ‘Çadyrlaryňyza dolanyň!’ diý.
31 Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».
32 Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň.
33 Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi. ‎