Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 29

Ine, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr.
2 Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, fyrowna, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.
3 Ol gudratly synaglary, alamatlary we beýik mugjyzalary öz gözüňiz bilen gördüňiz.
4 Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.
5 Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi.
6 Siz çörek iýmediňiz, meý-şerap içmediňiz. Men muny Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi biliň diýip etdim“ diýdi.
7 Bu ýere geleniňizde, Heşbonyň hany Sihon we Başan ýurdunyň hany Og biziň garşymyza söweşe çykdylar, emma biz olary derbi-dagyn etdik.
8 Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşe ýarym tiresine mülk edip berdik.
9 Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.
10 Bu gün tire baştutanlaryňyz, ýaşulularyňyz, ýolbaşçylaryňyz, Ysraýylyň ähli erkekleri,
11 siziň çagalaryňyz, aýallaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler, odunyňyzy çapýanlar, suwuňyzy daşaýanlar – ähliňiz bu ýere üýşüp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda dursuňyz.
12 Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz.
13 Çünki Ol size we ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz berşi ýaly, bu gün Ol sizi Öz halky edip alar we Hudaýyňyz bolar.
14 Hudaýymyz Reb bu gün biziň ýanymyzda – Öz huzurynda duranlar bilen däl-de,
15 eýsem bolmadyklar bilenem wada edip äht baglaşýar.
16 Müsürde nähili ýaşandygymyzy, dürli halklaryň arasyndan ötüp-geçip, bu ýere nä günlük bilen gelendigimizi bilýänsiňiz.
17 Siz olaryň arasynda agaçdan, daşdan, altyndan we kümüşden ýasalan nejis butlary gördüňiz.
18 Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýyňyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.
19 Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)
20 Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.
21 Bu Kanun kitabynda ýazylan ähtiň ähli näletleri boýunça, olar betbagtçylyga duçar bolar ýaly, Reb olary Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan aýratyn goýar.
22 Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderşini görüp:
23 „Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.
24 Ähli halklar: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar.
25 Olar şeýle netijä gelerler: „Munuň sebäbi şudur: ysraýyllar özlerini Müsürden çykaryp getiren ata-babalarynyň Hudaýy Reb bilen baglaşan ähtini ret etdiler.
26 Olar Rebden ýüz öwrüp, başga hudaýlara gulluk etdiler. Özleriniň tanamaýan we Rebbiň olara sežde etmäge ygtyýar bermedik hudaýlaryna sežde etdiler.
27 Şonuň üçin hem Rebbiň bu ýurda gahary gelip, bu kitapda ýazylan ähli näletleri bu ýurduň üstünden ýagdyrdy.
28 Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.
29 Gizlin syrlar Hudaýyňyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir». ‎