Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 10

«Durmuşymy ýigrenýärin, Erkinlik bilen arz ederin, Ajy hasratdan geplärin.
2 Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, Meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.
3 Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, Pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy?
4 Sende ynsan gözleri barmy? Ynsanyň görşi dek görýäňmi?
5 Günleriň ynsanyň günleri ýaly däldir, Ynsanyň ýyllary ýaly däldir ýyllaryň,
6 Şonda-da etmiş agtarýarsyň, Günä gözleýärsiň menden.
7 Ýazyksyzdygymy, Eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.
8 Elleriň maňa biçim berdi, meni ýaratdy, Indi bolsa meni heläk etmekçi bolýaň.
9 Ýadyňa sal! Sen meni toprakdan ýaratdyň, Indi ýene-de topraga öwürjekmi meni?
10 Meni süýt kimin dökmänmidiň? Peýnir kimin gataltmanmydyň?
11 Meni süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň, Et hem deri bilen örtdüň.
12 Maňa ýaşaýyş berdiň, merhemet etdiň, Aladaň janymy gorap saklady.
13 Emma bulary ýüregiňde gizlediň, Hyýalyňda şeýle zatlaryň bardygyny bilýärin.
14 Günä etsem, göz astyňda saklaýarsyň, Etmişimi jezasyz goýmaýarsyň.
15 Günäli bolsam, dat günüme! Bigünä bolsam-da, başymy ýerden galdyryp bilemok, Çünki uýada galan men, agyrdyr derdim.
16 Şir kimin topulýaň galdyrsam başym, Gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.
17 Täzeden maňa hüjüm edýärsiň, Maňa bolan gahar-gazabyň möwç alýar, Garşyma goşun üstüne goşun getirýäň.
18 Näme üçin meni ýagty ýalança inderdiň? Wah, hiç kim görmänkä ölen bolsadym.
19 Dünýä inmedik ýaly bolup, Göwreden göni gabra gitsem boljak eken.
20 Günlerim gysgadyr, Meni öz günüme goý!
21 Garaňky, tüm garaňky dünýä, Zulmatdan, tümlükden doly dünýä Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň, Goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme».
22