Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 19

Eýýup şeýle diýdi:
2 «Haçana deňeç meni gynap, Sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?
3 On mertebe göwnüme degdiňiz, Utanaňyzokmy şeýle ezýet bermäge?
4 Dogrudanam, hata iş eden bolsam, Hatam öz boýnuma.
5 Özüňizi öňümde ýokary tutup, Aýybymy ýüzüme ursaňyz,
6 Şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.
7 Hatda: „Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok, Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok.
8 Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, Ýodalarymy garaňkyratdy.
9 Meni at-abraýdan düşürip, Başymdan täjimi aldy.
10 Meni çar tarapdan gysyp-gowurdy, sandan galdym, Umydymy agaç deýin köki bilen sogurdy.
11 Ol maňa gazaplanýar, Meni Özüne duşman saýýar.
12 Leşgerleri üstüme hüjüm edýärler, Maňa garşy ýapgyt galdyrýarlar, Çadyrymyň töwereginde düşelge gurýarlar.
13 Garyndaşlarymy menden daşlaşdyrdy, Tanyşlarym maňa ýat boldular.
14 Ýakyn garyndaşlarym meni ret etdiler, Dostlarym meni unutdylar.
15 Saçagymdan duz iýenler hem unutdylar meni, Hatda öz gyrnaklarym-da meni ýat saýýarlar, Olaryň gözüne men bir keseki.
16 Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok, Ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm.
17 Demim aýalymda ýigrenç döredýär, Öz maşgalam meni ýigrenýär.
18 Ýaş çagalar-da meni kemsidýärler, Aýaga galanymda, meni ýaňsylaýarlar.
19 Içgin dostlarym meni ýigrenýärler, Eý görenlerim menden ýüz öwürdiler.
20 Diňe ham bilen süňke öwrüldim, Ölümiň bäri ýanynda durun men.
21 Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.
22 Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, Näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?
23 Wah, meniň sözlerim ýazylsady! Wah, olar kitaba ýazylsady!
24 Wah, sözlerim demir galam we gurşun bilen Gaýanyň ýüzüne ebedilik oýulyp ýazylsady!
25 Çünki men Penakärimiň diridigini, Ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.
26 Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin.
27 Hudaýy keseki gözi bilen däl-de, Öz gözlerim bilen görerin, Ýüregim üzülip barýar.
28 „Biz ony nähili yzarlarys? Belanyň körügi Eýýupdyr“ diýseňiz,
29 Siz gylyçdan heder ediň, Çünki gazap gylyç jezasyny getirýär, Şonda hökümiň bardygyny bilersiňiz».