Bap 25
Şuwaly Bildat şeýle diýdi:   
2 «Hudaý gudratly we haýbatlydyr! Gökde asudalygy berýän Oldur.   
3 Goşunyny sanamaga san ýetjekmi? Güni kimiň üstüne dogmaz?   
4 Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Aýaldan doglan nädip päk bolup biler?   
5 Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa, Ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse,   
6 Onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, Adamzat-da gurtça görner!»