Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 42

Onsoň Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
2 «Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, Göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.
3 Nesihatyňy garalajak barmy? Şonuň üçinem men düşünmedik, Asla akyl ýetirip bilmedik zatlarym barada gepledim.
4 Indi maňa gulak assana, men geplejek, Senden soraýyn, maňa jogap bersene.
5 Sen hakda gulagym bilen eşidipdim, Indi Seni öz gözlerim bilen gördüm.
6 Munuň üçin özümi ýigrenip, Başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».
7 Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz.
8 Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».
9 Şeýdip, teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat hem-de nagamly Sopar Eýýubyň ýanyna gidip, Rebbiň tabşyryşy ýaly hem etdiler. Reb Eýýubyň dilegini kabul etdi.
10 Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.
11 Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.
12 Reb Eýýubyň soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi. Onuň on dört müň goýun-geçisi, alty müň düýesi, müň jübüt öküzi we müň urkaçy eşegi bardy.
13 Şeýle hem ýedi ogly, üç gyzy bardy.
14 Birinji gyzynyň ady Ýemima, ikinjisiniň ady Kesiýa, üçünjisiniň ady Kerenhappukdy.
15 Dünýäniň hiç bir künjeginde Eýýubyň gyzlary ýaly görmegeý gyzlar ýokdy. Kakalary erkek doganlary bilen birlikde olara-da miras berdi.
16 Mundan soň Eýýup ýüz kyrk ýyl ýaşap, çagalaryny, dört arka çenli agtyk-çowluk gördi.
17 Şeýdip, Eýýup gojalyp, durmuşdan razy bolup dünýäden ötdi.