Bap 2

«Siz doganyňyzy: „Meniň halkym“, Aýal doganlaryňyzy: „Rehim edilenler diýip çagyryň“. Wepasyz Gomer – wepasyz Ysraýyl
2 Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlugy, teninden azgynlygy aýyrsyn.
3 Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.
4 Çagalaryna-da rehim etmerin, çünki olar zynadan doglan.
5 Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.
6 Onuň ýoluna tikenli çäk çekerin, öz ýodalaryny tapmaz ýaly, Onuň garşysyna diwar guraryn.
7 Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olary ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, Çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy.“
8 Ýöne ol bilmedi, Gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, Kümşüni bol eden Men.
9 Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, Öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn.
10 Indi oýnaşlarynyň öňünde aýybyny açaryn, Hiç kim ony Meniň elimden halas etmez.
11 Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý meýlisini we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.
12 Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.
13 Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy» – muny Reb aýdýandyr.
14 «Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.
15 Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.
16 Şol gün Meni „Ärim“ diýip çagyrar. Mundan beýläk „Bagalym“ diýip çagyrmaz – muny Reb aýdýandyr.
17 Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.
18 Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.
19 Ysraýyl, seni Özüme hemişelik aýalym hökmünde kabul ederin. Dogrulyk, adalatlylyk hem wepaly söýgi, rehimlilik bilen Özüme alaryn.
20 Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.
21 Şol gün Men jogap bererin – Reb aýdandyr – Göklere-de jogap bererin. Olar hem ýere jogap bererler.
22 Ýer galla we täze şeraba, täzeje zeýtun ýagyna jogap bererler. Olar hem Ýizregele jogap bererler.
23 Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. Loruhama rehim ederin. Logamma sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».