Bap 8

«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.
2 „Hudaýymyz, biz – Ysraýyl Seni tanaýarys“ diýip, Maňa perýat edýärler.
3 Ysraýyl ýagşylygy ret etdi. Duşman ony yzarlar.
4 Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.
5 Eý, Samarýa, Men seniň göle – butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?
6 Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samarýanyň gölesi bölek-bölek bolar.
7 Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.
8 Ysraýyl ýuwdulandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.
9 Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.
10 Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.
11 Efraýym günä üçin gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.
12 Näçe köp kanunlar ýazsam, olar muny ýat zat hasap edýärler.
13 Maňa gurbanlyklar getirýärler, Gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.
14 Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy. Özüne köşkler gurdy. Ýahuda hem galalary köpeltdi. Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin. Galalaryny ot ýuwudar».