Hoşeýa

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14


Chapter 7

1 «Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samarýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.
2 Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.
3 Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.
4 Olaryň hemmesi zynagärdirler, Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr. Ýugrulan hamyr ajaýança bişirijä ody gorjamak gerek däl.
5 Patyşanyň meýlis gününde emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler. Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär.
6 Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar. Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar. Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar.
7 Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn Öz hökümdarlaryny heläk edýärler. Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy. Hiç biri Meni çagyrmaýar.
8 Efraýym başga halklar bilen garyşýar. Efraýym bir ýüzi bişmedik petir ýalydyr.
9 Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.
10 Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.
11 Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.
12 Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin.
13 Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.
14 Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.
15 Men olara nesihat berdim. Ellerine güýç-kuwwat berdim. Ýöne olar Maňa garşy ýamanlyk niýetlediler.
16 Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar haýynlyk ýaýyna meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».