Bap 6

«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.
2 Iki günden soňra bizi dirilder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.
3 Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýaz ýagyş ýaly bize geljek, Topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
4 «Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.
5 Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.
6 Çünki Men gurbanlygy däl, wepaly söýgini, Ýakma gurbanlygyndan, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.
7 Olar Adam ýaly, ähti bozdular, Ol ýerde maňa wepasyzlyk etdiler.
8 Gilgat ýamanlaryň şäheri, Gan yzy bilen doludyr.
9 Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorluk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.
10 Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm: Şol ýerde Efraýym zyna batdy. Ysraýyl haram edildi.
11 Men seniň – halkymyň rysgalyny gaýtaryp berenimde, Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda».