Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 2

Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, jelepçilik bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.
2 Ýeriho hanyna: «Ýurdumyzy gizlinlikde gözden geçirmek üçin, gije bu ýere birnäçe näbelli ysraýyllar gelipdir» diýip habar berildi.
3 Şonda Ýeriho hany Rahaba şeýle buýruk iberdi: «Öýüňe gelen adamlary biziň elimize ber! Sebäbi olar biziň tutuş ýurdumyzy gözden geçirmek üçin gelipdirler».
4 Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizledi hem-de hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok.
5 Olar garaňky düşüp, gala derwezesiniň ýapylýan wagty çykyp gitdiler, olaryň nirä gidendiklerini men bilemok. Haýal etmän yzlaryndan kowsaňyz, siziň olary ele salmagyňyz mümkin» diýdi.
6 Emma Rahap ol adamlary üçegiň ýokarsyna çykaryp, ol ýerdäki zygyr üýşmeginiň arasynda gizläpdi.
7 Kowguçylar olary gözläp, tä Iordan derýasynyň güzerine çenli gitdiler. Olar çykan badyna, derwezäni ýapdylar.
8 Bu adamlar ýatmankalar, Rahap tamyň üçegine çykyp, olaryň ýanyna geldi
9 we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.
10 Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziniň1 suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar.
11 Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr.
12 Şoňa görä-de, meniň size rehimdarlyk edişim ýaly, siziň hem maňa we atamyň maşgalasyna rehim etjekdigiňize öz Hudaýyňyz Rebden ant içiň. Size doly ynanar ýaly maňa bir nyşan beriň.
13 Meniň ata-enemi, erkek we aýal doganlarymy, olara degişli bolanlaryň hemmesini diri galdyrjakdygyňyza, bizi ölümden halas etjekdigiňize söz beriň».
14 Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.
15 Ol aýalyň öýi galanyň diwarynda ýerleşýärdi. Rahap ol adamlary penjireden tanap sallap, aşak düşürdi.
16 Onsoň Rahap olara: «Kowguçylara duşmazyňyz ýaly daglyga tarap gidiň we olar yzyna dolanyp gelýänçäler, üç günläp ol ýerde gizleniň, soňra öz ýoluňyz bilen gidiberiň» diýdi.
17 Ol adamlar Rahaba şeýle diýdiler: «Eger biz bu ýurdy basyp alanymyzda, bizi aşak düşüren penjiräňe şu gyzyl ýüpi daňmasaň we kakaňy, ejeňi, doganlaryňy, ataňyň ähli maşgalasyny öz öýüňe ýygnamasaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys.
18
19 Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys.
20 Ýatdan çykarma, eger sen biziň işimiziň syryny açaýsaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys».
21 Rahap: «Siziň aýdyşyňyz ýaly bolar» diýip, olary ugradyp goýberdi we olar gidensoň, gyzyl ýüpi penjirä daňdy.
22 Olar gidişine daglyga bardylar. Kowguçylar olary gözläp, ýoluň ähli ýerlerini agtardylar, emma tapmadylar. Kowguçylar yzyna dolanýançalar, olar üç günläp daglykda boldular.
23 Şeýlelikde, ol iki adam daglykdan geçip, yzyna gaýtdy. Olar Iordan derýasyndan geçip, Nunuň ogly Ýeşuwanyň ýanyna geldiler we bolan işleriň hemmesini oňa gürrüň berdiler.
24 Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.