Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 3

Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler.
2 Üç günden soň ýolbaşçylar düşelgäniň içinden geçip,
3 halka şeýle buýruk berdiler: «Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.
4 Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».
5 Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Iniňizizi tämizläň, sebäbi ertir Reb siziň araňyzda gudrat görkezip başlar» diýdi.
6 Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.
7 Reb Ýeşuwa: «Şu gün Men seni ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda beýik adam etjek, goý, olar Meniň Musa bilen bile bolşum ýaly, seniň bilen hem bile boljakdygymy bilsinler.
8 Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna çala girip, aýaklary suwa degen badyna, sen olara durmaklygy buýur» diýdi.
9 Ýeşuwa ysraýyllara ýüzlenip: «Bäri geliň-de, öz Hudaýyňyz Rebbiň sözlerine gulak salyň» diýip, olary çagyrdy.
10 Ýeşuwa ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.
11 Ine, bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň Äht sandygy siziň öňüňizden Iordan derýasyndan geçer.
12 Şunlukda, siz Ysraýylyň on iki tiresiniň hersinden bir adamy saýlaň.
13 Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».
14 Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler.
15 Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna,
16 derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Duz deňzine gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.
17 Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa, tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, ähli ysraýyl halky derýadan gury ýerden geçdi.