Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 8

Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.
2 Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz uruşmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».
3 Ýeşuwa we ähli goşun Aý galasyna gitmek üçin ýerlerinden turdular, Ýeşuwa olaryň arasyndan otuz müň sany edermen urşujyny saýlap alyp, olary gije ugratdy.
4 Ýeşuwa olara şeýle buýruk berdi: «Siz galanyň arka tarapynda, onuň ýeňsesinde bukuda oturarsyňyz. Galadan gaty uzaga gitmäň we hemmäňiz taýýar bolup duruň.
5 Men ýanymdaky ýoldaşlarym bilen gala golaý bararys. Şol wagt Aýyň ýaşaýjylary edil öňki gezekki ýaly biziň garşymyza çykyp ugrarlar welin, biz olardan gaçyp başlarys.
6 Olar biziň yzymyzdan kowalap gaýdarlar. Biz olaryň ünsüni galadan sowarys, sebäbi olar bizi edil öňki gezekki ýaly, özlerinden gaçýandyrlar öýderler. Biz olardan gaçýan mahalymyz,
7 siz bukudan çykyp, galany eýeläň. Çünki Hudaýyňyz Reb bu galany siziň eliňize berjekdir.
8 Galany eýeläniňizde, Rebbiň buýruşy ýaly, ony otlaň. Serediň, men size şeýle tabşyrýandyryn!».
9 Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi.
10 Ýeşuwa ertesi irden turup, adamlaryň hemmesini ýygnady. Ol Ysraýyl ýaşululary bilen goşunyň öňüne düşüp, Aý galasyna tarap ugrady.
11 Onuň bilen bile urşujylaryň ählisi gitdi, olar galanyň esasy girelgesine golaýlaşdylar. Olar Aýyň demirgazyk tarapyndan gelip düşlediler. Indi olar bilen Aý galasynyň arasynda diňe jülge bardy.
12 Soňra Ýeşuwa bäş müňe golaý adamy galanyň günbatarynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda bukuda oturtdy.
13 Goşunyň agramly bölegi galanyň demirgazygynda, galan bölegi günbatarynda ýerleşdi. Ýeşuwa bolsa şol gijäni jülgede geçirdi.
14 Bu zatlary görende Aý galasynyň hany we onuň ähli adamlary çalt hereket etdiler. Han galanyň erkek adamlary bilen bile irden turup, şol wagtyň özünde Araba düzlüginiň öňüne, ysraýyllar bilen söweşmäge öňki ýere çykdy. Emma özi üçin galanyň ýeňsesinde duzak gurlandygyndan Aýyň hanynyň habary ýokdy.
15 Ýeşuwa we ähli ysraýyllar, hamala, olardan ýeňilýän ýaly bolup, çöle tarap gaçdylar.
16 Olaryň yzyndan kowmak üçin galadaky bar bolan ähli erkek adamlar çagyryldy. Olaryň hemmesi birigip, Ýeşuwanyň we onuň goşunynyň yzyndan kowalap, galadan daşlaşdylar.
17 Aýda we Beýtelde ysraýyllaryň yzyndan kowalamadyk ýekeje-de erkek adam galmady. Şeýdip, olar öz galasyny goragsyz, alaň-açyk galdyrdylar.
18 Şonda Reb Ýeşuwa: «Eliňdäki naýzany Aý galasyna tarap uzat, sebäbi Men ony seniň eliňe berjek» diýdi. Şeýlelikde, Ýeşuwa elindäki naýzasyny gala tarap uzatdy.
19 Ol elini uzadan badyna, bukuda oturanlar çalasynlyk bilen oturan ýerlerinden çykyp, gala tarap okduryldylar. Olar galany eýeläp, derrew ony oda berdiler.
20 Aý galasynyň adamlary yzlaryna seredende, galanyň tüssesiniň al-asmana galandygyny gördüler. Olaryň aňry hem, bäri hem gaçara ýeri ýokdy. Sebäbi çöle gaçyp barýan ysraýyllar hem kowguçylara garşy öwrülipdiler.
21 Ýeşuwa we ähli ysraýyllar bukuda oturanlaryň galany eýeländiklerini we galanyň tüssesiniň asmana galandygyny görüp, yzlaryna dolandylar we Aýyň adamlaryny gyrmaga başladylar.
22 Galany eýelän goşun duşmanyň öňünden çykyp, olary ysraýyllaryň ortalygynda galar ýaly edip, ähli tarapdan gabadylar-da, bir adamy hem diri galdyrman ýa-da gaçyrman, baryny gyrdylar.
23 Diňe Aý galasynyň hanyny diri tutup, ony Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler.
24 Ysraýyllar Aý galasynyň ähli ilatyny olaryň özlerini kowalap elten ýerinde gyrdylar. Olaryň iň soňkusy öldürlenden soň, ähli ysraýyllar Aý galasyna tarap öwrüldiler we ol ýerdäkileri gylyç bilen weýran etdiler.
25 Tutuş Aý galasynda şol gün öldürilen ilatyň, aýal-erkek ählisiniň jemi on iki müň sany boldy.
26 Ýeşuwa bolsa tä Aýyň ähli ilatyny bütinleý ýok edip gutarýançalar, uzadan naýzaly elini aşak goýbermedi.
27 Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, ysraýyllar ol galanyň diňe mal-garasyny we talap alan zatlaryny özlerine olja edip aldylar.
28 Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi.
29 Aýyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçe agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
30 Şol wagt Ýeşuwa Eýbal dagynda Ysraýyl Hudaýy Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.
31 Rebbiň guly Musanyň ysraýyllara buýruşy we onuň Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan guruldy. Onuň üstünde Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny berdiler.
32 Ýeşuwa ysraýyllaryň gatnaşmagynda şol daşlaryň ýüzüne Musanyň kanunynyň nusgasyny ýazdy.
33 Ähli ysraýyllar, onuň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary we olaryň arasyndaky gelmişekler Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylarynyň garşysynda, olaryň hem aňry gapdalyndan, hem bäri gapdalyndan iki topar bolup durdular. Rebbiň guly Musanyň: «Hudaýyň ak patasyny almaly pursatyňyz gelende, şeýle duruň» diýip buýruşy ýaly edip, olaryň ýarysy Gerizim dagynyň öňünde, beýleki ýarysy bolsa Eýbal dagynyň öňünde durdular.
34 Soňra Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, Ýeşuwa ähli alkyş we nälet sözlerini ýekeme-ýeke gaty ses bilen okady.
35 Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.