Ýeşuwa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 21

Lewi tiresiniň ýolbaşçylary Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ähli Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň ýanyna geldiler.
2 Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize Musanyň üsti bilen ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin bolsa öri meýdanlar bermegi buýrupdy» diýdiler.
3 Şeýlelikde, Rebbiň buýrugy boýunça ysraýyllar lewilere öz mülk ýerlerinden şu aşakdaky galalary we öri meýdanlaryny berdiler.
4 Ilkinji kohat urugynyň bijesi çykdy. Lewilerden bolan Harun ruhanynyň nesillerine bije boýunça ýahuda, şimgon we benýamin tirelerinden saýlanyp, on üç gala berildi.
5 Beýleki galan kohat urugyna bije boýunça efraýym, dan tirelerinden we manaşe ýarym tiresinden on gala berildi.
6 Gerşon urugy hem bije atyşykda ysakar, aşer, naftaly tirelerinden we Başandaky manaşe ýarym tiresinden özlerine on üç gala aldylar.
7 Merary urugy özlerine ruben, gat we zebulun tirelerinden on iki gala aldylar.
8 Şeýlelikde, ysraýyllar Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, bu galalary öri meýdanlary bilen birlikde lewilere bije boýunça paýlap berdiler.
9 Ysraýyllar lewilerden bolan kohat urugyndan Harunyň nesillerine ýahuda we şimgon tireleriniň haýsy galalaryny bermelidigini kesgitlediler, sebäbi olaryň bijesi birinji çykypdy.
10
11 Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar.
12 Emma galanyň ýakynyndaky açyk meýdanlaryny we onuň obalaryny bolsa Ýepunne ogly Kalep mülk ýer hökmünde alypdy.
13 Harun ruhanynyň nesillerine ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Hebron galasyny we Libnany,
14 Ýatyry, Eştemowany,
15 Holony, Debiri,
16 Aýyny, Ýutany, Beýtşemeşi, olaryň her biriniň öri meýdanlary bilen bile bu iki tireden jemi dokuz gala berdiler.
17 Olar benýamin tiresinden hem şu galalary aldylar: Gibgony, Gebany,
18 Anatody we Almony, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile jemi dört gala.
19 Şu sanalan on üç gala öri meýdanlary bilen bile Harun ruhanynyň nesillerine berildi.
20 Lewileriň kohat nesliniň galan bölegi bije boýunça efraýym tiresinden galalar aldylar.
21 Olar ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Efraýym daglygyndaky Şekem galasyny, şeýle hem Gezeri,
22 Kibsaýymy, Beýthorony öri meýdanlary bilen bile olara berdiler. Bular jemi dört galadyr.
23 Olar dan tiresinden Elteke, Gibeton,
24 Aýalon we Gatrimmon galalaryny öri meýdanlary bilen bile aldylar. Bular jemi dört galadyr.
25 Olara manaşe ýarym tiresinden şu galalary: Tagnagy, Gatrimmony öri meýdanlary bilen bile berdiler – jemi iki gala.
26 Şu ýokarda sanalan on gala, öri meýdanlary bilen birlikde kohat nesilleriniň galan bölegine berildi.
27 Lewileriň gerşon urugyna manaşe ýarym tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Başandaky Golan galasy we Beýeşterag, olaryň öri meýdanlary bilen bile berildi – jemi iki gala.
28 Ysakar tiresinden bolsa olara Kişýon, Daberat,
29 Ýarmut, Eýngannym galalaryny we olaryň öri meýdanlaryny aldylar – jemi dört gala.
30 Aşer tiresinden olara Mişal, Abdon,
31 Helkat we Rehop galalary, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi – jemi dört gala.
32 Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary, öri meýdanlary bilen bile berildi – jemi üç gala.
33 Şu sanalan on üç gala, olaryň öri meýdanlary bilen birlikde gerşon urugyna berildi.
34 Lewileriň galan merary urugyna bolsa zebulun tirsinden galalar berildi. Olara Ýoknegam, Korta,
35 Rimmon, Nahalal galalary we olaryň hersiniň öri meýdanlary berildi – jemi dört gala.
36 Ruben tiresinden olara Beser, Ýahsa,
37 Kedemot, Meýpagat galalary we olaryň hersiniň öri meýdanlary berildi – jemi dört gala.
38 Gat tiresinden olara ganhorlara gaçybatalga edilip bellenen Gilgatdaky Ramot galasy we Makanaýym,
39 Heşbon, Ýazer galalary öri meýdanlary bilen bile berildi. Bular jemi dört galadyr.
40 Şeýlelikde, lewileriň galan merary urugynyň paýyna bije boýunça jemi on iki gala düşdi.
41 Ysraýyllardan lewilere mülk hökmünde berlen galalaryň jemi, öri meýdanlary bilen birlikde kyrk sekiz boldy.
42 Şol galalaryň her biriniň daş-töweregini öri meýdan gurşap alýardy. Öri meýdansyz ýekeje-de gala ýokdy.
43 Ynha, Reb ysraýyllaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýeriniň ählisini olara berdi. Olar bu ýerleri eýeläp, ol ýerde ýaşadylar.
44 Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi.
45 Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.