Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 15

Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.
2 Danalygyň dilinden bilim ýaýraýar, akmagyň agzyndan akmaklyk çykýar.
3 Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr.
4 Mylaýym dil ýaşaýyş daragtydyr, bozuk dil ruhy çökerýär.
5 Akmak atasynyň öwüdini ret edýändir, terbiýä gulak asýan bolsa seresaplydyr.
6 Dogrynyň öýünde baýlyk köpdür, ýamanyň gazanjynda muşakgat bardyr.
7 Dananyň dili bilim ýaýradýar, akmagyň aňy beýle däldir.
8 Ýamanlaryň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.
9 Ýaramazlaryň ýoly Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr.
10 Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar, terbiýäni ýigrenýän ölüme barar.
11 Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa, ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr.
12 Masgaralaýjy adam käýinji halaýan däldir, ol akyldaryň ýanyna hem gitmez.
13 Ýürek şatlygy ýüzi ýagtyldýar, ýürek yzasy ruhy syndyrýar.
14 Düşünjeli adamyň ýüregi bilim agtarýandyr, akmaklaryň agzy bolsa akmaklykdan ganýandyr.
15 Garyplaryň hemme güni muşakgat, ýöne ýagşy ýürek mydamalyk meýlisdir.
16 Köp baýlyk bilen kynçylykda ýaşanyňdan, az baýlyk bilen Rebden gorkup ýaşamak ýagşydyr.
17 Ýigrenç bilen iýlen göle etinden, söýgi bilen iýlen bulamak gowudyr.
18 Gaharjaň dawa turuzýandyr, giň göwünli bolsa jenjeli ýatyrýandyr.
19 Ýaltanyň ýoly tikenli aýmança meňzeýär, dogruçylyň ýoly bolsa düzdür.
20 Akylly ogul atasyny guwandyrýar, akmak ogul bolsa enesini ýigrenýär.
21 Akmaklyk kemakyllara şatlykdyr, düşünjeliler bolsa dogry ýöreýär.
22 Maslahat bolmasa maksatlar puçdur, maslahatçy köp bolanda myrat hasyl bolýar.
23 Ynsana şatlyk gowy jogapdan gelýändir, ýerlikli söz adama şatlyk getirýändir.
24 Akyldara ýokardaky durmuş ýolundan ýöremegi aşakdaky Ölüler dünýäsinden daşlaşmagy üçindir.
25 Reb tekepbirleriň öýüni ýykýandyr, dul hatynyň çägini bolsa goraýandyr.
26 Ýaman niýet Rebbe ýigrenjidir, ýakymly sözleri bolsa tämiz saýýar.
27 Nebsine çapýan öýüne alada getirýär, parany ýigrenýän bolsa uzak ýaşaýar.
28 Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr, ýaramazlaryň agzy ýamanlygy sowurýandyr.
29 Reb ýaramazlardan daşdadyr, dogruçyllaryň dogasyny bolsa eşidýär.
30 Gözüň nury ýüregi begendirýär, hoş habar bolsa süňküňe kuwwat berýär.
31 Ýaşaýyş öwüdini diňleýän gulak parasatlylar arasynda mesgen tutar.
32 Öwüt-nesihaty tutmaýan öz janyny ýigrenýändir, öwüdi diňleýän bolsa düşünje gazanýar.
33 Rebden gorkmaklyk danalygy öwredýändir, hormat pes göwünlilikden soň gelýändir. ‎