1 Şamuwel

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Chapter 12

1 Soňra Şamuwel tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýip ýüzlendi: «Men siziň ähli diýeniňize gulak asdym. Size patyşa-da belledim.
2 Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum.
3 Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip saýlanynyň huzurynda meniň garşyma şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin».
4 Olar: «Sen bize al hem salmadyň, bizi ezmediňem, hiç zadymyza el-de urmadyň» diýdiler.
5 Soňra Şamuwel olara: «Menden hiç hili nogsanlyk tapmandygyňyza bu gün Reb-de, Onuň seçip saýlany-de şaýatdyr» diýdi. Halk: «Hawa, Ol şaýat» diýdi.
6 Şamuwel sözüni dowam etdi: «Musany we Haruny bellän, ata-babalaryňyzy Müsürden alyp çykan Rebdir.
7 Indi bolsa turuň, men sizi hem-de ata-babalaryňyzy halas etmek üçin Rebbiň eden ähli dogry işleri esasynda Onuň huzurynda sizi ýazgaraýyn.
8 Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.
9 Ýöne siziň ata-babalaryňyz öz Hudaýyny – Rebbi unutdylar. Reb olary Hasor galasynyň şasy Ýabynyň leşgerbaşysy Siseranyň, piliştlileriň we Mowap şasynyň eline berdi; olar siziňkilere garşy uruşdylar.
10 Şonda ata-babalaryňyz: „Biz günä gazandyk. Rebden ýüz öwrüp, Bagal we Aştoret butlaryna gulluk etdik. Indi bizi duşmanlarymyzyň elinden al, biz Saňa gulluk etjek“ diýip, Rebbe perýat etdiler.
11 Şonda Ýerubagaly, Baragy, Ýeftahy we Şamuweli iberip, Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden halas etdi. Şeýdip, siz asuda durmuşa ýetdiňiz.
12 Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.
13 Saýlap-seçip, diläp alan patyşaňyz, ine, dur. Hawa, ony size Reb berdi.
14 Eger siz Rebden gorkup, Oňa gulluk etseňiz, Oňa gulak asyp, Rebbiň buýrugyna garşy baş götermeseňiz, siz we size hökümdarlyk edýän patyşa Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýerse, tutan işiňiz oňuna bolar.
15 Emma Rebbe gulak asman, Onuň buýrugyna garşy baş göterseňiz welin, ata-babalaryňyza edişi ýaly, Reb size hem jeza berer.
16 Indi bolsa duran ýeriňizden gozganman, Rebbiň gözüňiziň alnynda görkezjek gudratyna tomaşa ediň.
17 Häzir tomus, şeýle dälmi! Men Rebbi çagyrjak. Ol ýagyş ýagdyrar hem-de gögi gümmürdeder. Şonda özüňize patyşa soramak bilen Rebbiň öňünde juda pis iş edendigiňize siz göz ýetirersiňiz».
18 Soňra Şamuwel Rebbi çagyrdy; Reb şol gün ýagyş ýagdyrdy we gögi gümmürdetdi. Adamlar Rebden we Şamuwelden juda gorkdular.
19 Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis işi etmek bilen, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».
20 Şamuwel halka şeýle diýdi: «Hawa, siz pis işlere baş goşduňyz, ýöne şonda-da gorkmaň. Rebden ýüz öwürmäň-de, tutuş kalbyňyz bilen Oňa gulluk ediň.
21 Galp hudaýlaryň yzyna düşmäň. Olar size ne peýda berer, ne-de sizi gorar, çünki olar bihuda zatlardyr.
22 Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.
23 Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.
24 Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!
25 Öz pis hereketleriňizden el çekmeseňiz welin, patyşaňyz bilen bile ýok edilersiňiz».