1 Şamuwel

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Chapter 23

«Piliştliler Kegila hüjüm edip, harmanlary talap ýörler» diýip, Dawuda habar berdiler.
2 Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.
3 Ýöne adamlary Dawuda: «Biz bu ýerde – Ýahudada gorkuşyp ýörkäk, Kegila – piliştli goşunyň üstüne nähili baraly?» diýdiler.
4 Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.
5 Şeýlelikde, Dawut bilen onuň adamlary Kegila gidip, piliştliler bilen söweşdiler, olaryň mallaryny sürüp äkitdiler, olary agyr heläkçilige sezewar etdiler. Ine, şeýdip, Dawut Kegilanyň ilatyny halas etdi.
6 Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.
7 Dawudyň Kegila gelendigini Şawula habar berdiler. Şawul: «Ony Hudaý meniň elime berdi, çünki ol meniň derwezeli, kiltli galama girip, öz-özüni tora salypdyr» diýdi.
8 Kegila gidip, Dawudy gabawa salmak üçin, Şawul tutuş halky urşa çagyrdy.
9 Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efoty getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.
10 Dawut: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Şawulyň men guluň sebäpli Kegilany ýok etmek üçin gelýändigini eşitdim.
11 Indi şeýdip, Öz guluňyň eşidişi ýaly, Şawul gelermi? Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluňa aýdaý!» diýdi. Reb: «Ol geler» diýdi.
12 Soňra Dawut: «Kegilanyň halky meni we adamlarymy Şawulyň eline berermi?» diýdi. Reb: «Berer» diýdi.
13 Dawut alty ýüze golaý adamy bilen bile Kegiladan çykdy. Olar baryp bilen ýerlerine çenli saklanman ýörediler. Dawudyň Kegiladan gaçandygyny eşidende, Şawul ol ýere gitmek niýetinden el çekdi.
14 Dawut çöldäki gowaklarda, Zip çölündäki daglykda ýaşady. Şawul ony her gün agtardy, ýöne Reb Dawudy onuň eline bermedi.
15 Şawulyň öz kastyna çykandygyny Dawut Horeşdäki Zip çölündekä eşitdi.
16 Şawulyň ogly Ýonatan Dawudyň yzyndan Horeşe geldi. Ol Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy.
17 Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi.
18 Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi.
19 Soňra birnäçe zipliler Gibga gidip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda – Horeşiň gowaklarynda, Ýeşimonyň günortasyndaky Hakyla dagynda gizlenip gezip ýör.
20 Eý, patyşa, islän wagtyň gel! Ony tutup, seniň eliňe bermek biziň bilen» diýdiler.
21 Şawul olara şeýle diýdi: «Derdimi paýlaşanyňyz üçin Reb sizi ýalkasyn!
22 Gidiň-de, ýene bir gezek nirededigine anyk göz ýetiriň; ony kimiň görendigini ykjam anyklaň. Aýdyşlaryna görä ol juda mekir bolmaly.
23 Onuň gizlenip biläýjek ýerleriniň ählisini gözden geçiriň we anygyna ýetiň-de, maňa belli habar getiriň. Şondan soň men siziň bilen bile giderin. Eger ol ýurduň bir ýerinde bar bolsa, men ony tutuş Ýahudadan taparyn».
24 Şeýlelik bilen Şawuldan öň olar Zipe gitdiler. Dawut adamlary bilen Magon çölünde, Ýeşimonyň günortasyndaky Araba düzlügindedi.
25 Şawul bilen onuň adamlarynyň öz gözlegine çykandyklaryny eşiden Dawut Magon çölündäki gaýa gelip, şol ýerde ornaşdy. Muny eşidip, Şawul Magon çölüne Dawudyň yzyndan gitdi.
26 Şawul dagyň bir tarapyndan, Dawut bolsa adamlary bilen dagyň beýleki tarapyndan barýardy. Şawul bilen onuň adamlarynyň Dawudy we onuň adamlaryny gabawa salmaklaryna az wagt galypdy, Dawut gaçmaga howlugýardy.
27 Şol wagt bir çapar gelip: «Howluk, ýurda piliştliler çozdy» diýip, Şawula habar berdi.
28 Şawul Dawudyň yzyndan kowmagyny bes edip, piliştliler bilen söweşmäge gitdi. Şoňa görä bu ýer «Gaçyş gaýasy» diýip atlandyryldy.