1 Şamuwel

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Chapter 28

1 Şol günlerde piliştliler, Ysraýylyň garşysyna uruşmak üçin, öz güýçlerini jemläpdiler. Akyş han Dawuda: «Öz adamlaryňy-da alyp, meniň bilen bile bir goşunda söweşmelidigiňi, elbetde, sen bilýänsiň» diýdi.
2 Dawut oňa: «Örän oňat, sen hem öz guluňyň başarnygyny görersiň» diýdi. Akyş han Dawuda: «Gaty gowy, sen ömürboýy meniň janpenam bolarsyň» diýdi.
3 Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy.
4 Piliştliler toplandylar we gelip, Şunemde düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary jemläp, Gilbowada düşelge gurdy.
5 Piliştlileriň goşunyny görende, Şawulyň gorkudan ýaňa ýüregi ersip gitdi.
6 Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi.
7 Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler.
8 Şawul başga geýim geýip, daşky görnüşini üýtgetdi we ýanyna-da iki adam alyp, gije ol aýalyň ýanyna gitdi. Ol: «Meniň üçin ruhlara ýüz tut we adyny tutjak kişimi çagyr» diýdi.
9 Aýal oňa: «Sen Şawulyň porhanlardyr jadygöýleri ýurtdan çykaryp kowandygyny bilibem, meni öldürmek üçin duzak gurjak bolýarmyň?» diýdi.
10 Emma Şawul: «Rebden ant içýärin, şu işden saňa hiç hili zyýan ýetmez» diýip, Rebden ant içdi.
11 Aýal oňa: «Men seniň ýanyňa kimi getirmeli?» diýip sorady. Ol: «Şamuweli» diýip jogap berdi.
12 Aýal Şamuweli görende, çirkin gygyryp, oňa «Meni näme üçin aldadyň? Sen Şawul ahyryn!» diýdi.
13 Patyşa oňa: «Gorkma. Näme görýäň?» diýdi. Aýal Şawula: «Ýerden çykyp gelýän ruhy görýän» diýip jogap berdi.
14 Şawul: «Görnüşi nähili?» diýdi. Aýal: «Egni donly bir garry adam ýerden çykyp gelýär» diýdi. Şondan soň Şawul onuň Şamuweldigine göz ýetirip, ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.
15 Şamuwel Şawula: «Näme üçin meni ýokary çykaryp, alada goýduň?» diýdi. Şawul şeýle jogap berdi: «Men çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Piliştliler meniň garşyma uruşýarlar, Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi. Indi Ol maňa pygamberleriň üsti bilen-de, düýşde-de jogap bermeýär. Şoňa görä näme etmelidigimi öwrederiň ýaly, men seni çagyrdym».
16 Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň?
17 Reb meniň üstüm bilen saňa aýdan zadyny etdi. Ol seniň eliňden patyşalygy alyp, ony saňa derek Dawuda berdi.
18 Sebäbi sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň, Onuň Amalegiň garşysyna bolan gazabyny ýerine ýetirmediň. Şonuň üçin hem Reb seni bu gün şu ýagdaýa saldy.
19 Üstesine-de, seniň bilen bilelikde Ol Ysraýyly piliştlileriň eline berer; ertir ogullaryň bilen bile meniň ýanyma gelersiň. Reb Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer».
20 Şol bada Şawul özüni ýere goýberdi, çünki Şamuweliň aýdanlaryndan ol öler ýaly gorkdy. Uzakly gün bütin gijesi bilen hiç zat iýmänsoň, onda güýç-gurbat galmandy.
21 Ýaňky aýal Şawulyň ýanyna geldi we onuň öler ýaly gorkandygyny görüp, oňa şeýle diýdi: «Gyrnagyň saňa gulak asdy we başyny etegine salyp, seniň diýeniňi etdi.
22 Indi senem gyrnagyňa gulak as. Men saňa bir döwüm çörek bereýin. Şony iýseň, ýola çykanyňda gurbatlanarsyň».
23 «Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy.
24 Bu aýalyň öýünde bir semiz gölesi bardy. Dessine ol ony soýdy; hamyr ýugurdy we petir bişirdi.
25 Ol ony Şawulyň hem onuň hyzmatkärleriniň öňünde goýdy. Olar ony iýdiler we şol gije öz ýollaryna gitdiler.