1 Şamuwel

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 17

Uruşmak üçin goşunlaryny jemlän piliştliler Ýahudanyň Soko galasyna toplandylar we Soko bilen Azekanyň aralygyndaky Epesdammym galasynda düşelge gurdular.
2 Şawul bilen ysraýyllar hem toplandylar. Olar Ela jülgesinde düşelge gurdular we piliştliler bilen uruşmak üçin, sap-sap bolup durdular.
3 Piliştliler bir depede, ysraýyllar bolsa beýleki tarapdaky depede ornaşdylar. Olaryň aralarynda jülge bardy.
4 Piliştlileriň düşelgesinden Gat galasyndan Jalut atly bir pälwan öňe çykdy. Onuň boýy alty tirsek bir garyşdy.
5 Başynda bürünç tuwulga, egninde bolsa teňňeli sowut bardy. Sowudyň agramy üç batman bürünje barabardy.
6 Aýaklary bürünç dyzbentlidi, egnine bürünç naýza asylgydy.
7 Naýzasynyň sapy pürs agajy ýalydy; naýzasynyň tygynyň agramy on bäş gadak demre barabardy. Öňünde-de galkançy nökeri bardy.
8 Jalut aýak çekdi-de, ysraýyl goşunyna tarap şeýle diýip gygyrdy: «Näme üçin nyzama durup, söweşe çykdyňyz? Men piliştli, siz bolsa Şawulyň gullary. Şeýle dälmi? Araňyzdan birini saýlap seçiň, goý, ol meniň ýanyma gelsin.
9 Eger ol meniň bilen tutluşyp, meni öldürip bilse, biz size gul bolarys. Ýöne men üstün çykyp, ony öldüräýsem, onda siz bize gul bolup, gullugymyzda durarsyňyz».
10 Piliştli: «Men bu gün ysraýyl goşunyna gyjalat berýärin. Meniň bilen tutluşar ýaly adam beriň» diýdi.
11 Piliştliniň bu sözlerini eşidende, Şawuly we ähli ysraýyllary aljyraňňylyk hem gorky gaplap aldy.
12 Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawul döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy.
13 Ýyşaýyň uly üç ogly Şawul bilen bile söweşe gidipdi. Ol üçüsiniň iň ulusynyň ady Eliýap, ikinjisiniň ady Abynadap, üçünjisiniň ady bolsa Şammady.
14 Dawut iň kiçileridi; uly üç ogul Şawulyň ýanyndady.
15 Dawut öz kakasynyň goýunlaryny bakmak üçin, Şawulyň ýanyndan käwagt Beýtullahama gelip-giderdi.
16 Ol piliştli kyrk günläp irden hem agşam orta çykyp, özüni görkezdi.
17 Bir gün Ýyşaý ogly Dawuda şeýle diýdi: «Bir batman gowurga bilen, ine, şu on sany çöregi al-da, derrew düşelgedäki doganlaryňa äkit.
18 Bu on bölek peýniri bolsa olaryň müňbaşysyna ber. Agalaryňyň hal-ahwalyndan habar al-da, olardan bir nyşan getir».
19 Şol wagt Şawul, Dawudyň doganlary we ähli ysraýyllar Ela jülgesinde piliştliler bilen söweşip ýördüler.
20 Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy.
21 Ysraýyllar hem-de piliştliler söweşmek üçin sap-sap bolup, ýüzbe-ýüz durdular.
22 Dawut zatlaryny sakça tabşyrdy-da, goşuna tarap ylgady. Agalarynyň ýanyna baryp, olar bilen salamlaşdy.
23 Dawut agalary bilen gepleşip durka, ine, birden Gatdan piliştli Jalut pälwan goşunyň içinden çykdy-da, şol öňki sözlerini gaýtalady. Onuň aýdanlaryny Dawut eşitdi.
24 Jaluty görenlerinde, ähli ysraýyllar gorkularyna gaçdylar.
25 Ysraýyllar: «Bu öňe çykyp durany görýäňizmi? Ol Ysraýyla gyjalat bermek üçin çykýar. Şony öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen birlikde gyzyny-da berjek, maşgalasyny bolsa Ysraýylda salgytdan boşatjak» diýişdiler.
26 Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýpdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diýdi.
27 Adamlar oňa: «Hawa, ony öldürene şeýle ediljek» diýip, öňki jogaby berdiler.
28 Dawudyň adamlar bilen gepleşip duranyny görüp, gazaba münen iň uly agasy Eliýap oňa şeýle diýdi: «Seniň aşakda näme işiň bar? Çöldäki ojagaz goýunlaryňy kime taşlap gaýtdyň? Gedem hem gara ýüreg-ä sen. Söweşe tomaşa etmäge gelensiň sen».
29 Dawut oňa: «Meniň eden zadym näme? Men indi geplemelem dälmi?» diýdi.
30 Ol beýlesine öwrüldi-de, ýene-de öňki sözlerini gaýtalady. Adamlar hem oňa öňki jogaby berdiler.
31 Dawudyň aýdanlaryny eşidenler muny Şawula ýetirdiler. Şawul ony getirtdi.
32 Dawut Şawula: «Şol zerarly ýeke adamam özüni horlamasyn. Guluň gidip, ol piliştli bilen urşar» diýdi.
33 Şawul Dawuda: «Bu piliştliniň garşysyna sen çykyp bilmersiň, sebäbi sen entek ýaş. Ol bolsa ýaşlygyndan bäri urşup ýören adam» diýdi.
34 Emma Dawut Şawula şeýle diýdi: «Men guluň öz kakamyň goýunlaryny bakardym. Ýolbars ýa-da aýy gelip, sürüden bir guzyny alaýsa,
35 men onuň yzyndan ýeterdim-de, ony öldürip, guzyny agzyndan alardym. Bardy-geldi ol maňa topulaýsa, sakgalyndan tutardym-da, ony urup öldürerdim.
36 Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».
37 Dawut: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.
38 Soňra Şawul öz ýaraglaryny Dawuda dakdy, başyna öz bürünç tuwulgasyny, egnine bolsa teňňeli sowut geýdirdi.
39 Dawut ýaraglarynyň üstünden Şawulyň gylyjyny biline baglady we ýörejek boldy, çünki ol bulary dakynyp görmändi. Onsoň Dawut Şawula: «Men bular bilen ýöräp bilemok, çünki men öň bulary dakynyp görmändim» diýdi. Şeýdip, Dawut bulary çykaryp taşlady.
40 Soňra Dawut eline hasasyny aldy we çeşmeden bäş sany ýylmanak daş saýlap, horjunyndaky goş torbasyna saldy. Sapanyny eline alyp, piliştlä golaýlaşdy.
41 Piliştli hem öz öňündäki galkançysy bilen bile Dawuda golaýlap gelýärdi.
42 Dawuda gözi düşende, piliştli oňa äsgermezlik bilen seretdi, çünki Dawut ýaşdy, gyzylmeňizdi hem görmegeýdi.
43 Piliştli Dawuda: «Üstüme taýakly geler ýaly, men näme itmi?» diýdi-de, öz hudaýlarynyň adyndan Dawuda gargady.
44 Piliştli ýene Dawuda: «Hany, bir gelsene, etiňi ýyrtyjy guşlar bilen wagşy haýwanlara şam edeýin» diýdi.
45 Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin.
46 Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.
47 Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».
48 Piliştli Dawuda golaýlaşanda, Dawut ol piliştli bilen uruşmak üçin, söweş meýdanyna tarap batly ylgap gitdi.
49 Dawut elini torbasyna sokup, ondan bir daş çykardy-da, ony sapanyna salyp atyp goýberdi we piliştliniň maňlaýyndan urdy. Daş piliştliniň maňlaýyna çümdi we ol ýüzinligine ýere ýazyldy.
50 Gylyçsyz, sapan hem-de daş bilen Dawut piliştliden üstün çykdy – ony urup öldürdi.
51 Soňra ol ylgap baryp, piliştliniň üstüne çykdy we onuň gylyjyny gynyndan sogrup aldy-da, ony gylyç bilen öldürip, kellesini kesip taşlady. Öz pälwanlarynyň öldürilendigini görüp, piliştliler gaçdylar.
52 Ysraýyllar we ýahudalar gykylyklap aýaga galdylar, olar Gata we Ekronyň derwezelerine çenli piliştlileriň yzyndan kowdular. Ýaralanan piliştliler Gat we Ekron galalaryna barýan Şaraýym ýolunyň ugrunda serlip ýatyrdy.
53 Piliştlileriň yzyndan kowga giden ysraýyllar dolanyp geldiler we olaryň düşelgesini taladylar.
54 Dawut piliştliniň kellesini alyp, Iýerusalime getirdi, onuň ýaraglaryny bolsa öz çadyrynda goýdy.
55 Dawudyň Jalut piliştli bilen uruşmaga barýanyny görende, Şawul öz goşunbaşysy Abnerden: «Bu ýigit kimiň ogly, Abner?» diýip sorapdy. Abner: «Patyşanyň ömri uzak bolsun; bilmedim» diýip jogap beripdi.
56 Patyşa: «Onuň kimiň ogludygyny anykla» diýipdi.
57 Dawut piliştlini öldürip, yzyna dolanyp gelende, Abner ony Şawulyň huzuryna alyp bardy. Jalut piliştliniň kellesi hem onuň elindedi.
58 Şawul ondan: «Ýigit, sen kimiň ogly bolarsyň?» diýip sorady. Dawut: «Seniň beýtullahamly hyzmatkäriň Ýyşaýyň ogly men» diýip jogap berdi.