1 Şamuwel

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Chapter 26

Zipliler ýene-de Şawulyň ýanyna Gibga gelip: «Dawut Ýeşimon çölüniň garşysyndaky Hakyla dagynda gizlenýär» diýip, oňa habar berdiler.
2 Şawul Ysraýylyň üç müň sany men diýen adamyny ýanyna alyp, Zip çölüne Dawudy tutmaga gitdi.
3 Şawul ýoluň golaýyndaky Ýeşimonyň garşysynda bolan Hakyla dagynda düşelge gurdy. Emma Dawut çölde galypdy. Şawulyň öz yzyndan çöle gelendigini bilende,
4 Dawut jansyzlar iberip, Şawulyň hakykatdan hem gelendigini anyklady.
5 Soňra Dawut Şawulyň düşelge guran ýerine geldi. Ol Şawulyň öz goşunbaşysy Neriň ogly Abner bilen bir ýerde bile ýatandygyny gördi. Şawul düşelgäniň içinde ýatyrdy, goşun bolsa onuň töwereginde düşelge gurupdy.
6 Dawut hetli Ahymelek bilen Ýowabyň inisi Seruýanyň ogly Abyşaýa: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň düşelgesine gitjek?» diýip sorady. Abyşaý: «Men gitjek» diýdi.
7 Şeýlelikde, Dawut bilen Abyşaý ikisi gije goşuna tarap gitdi. Şawul düşelgede uklap ýatyrdy, başujunda bolsa ýere sünjülen naýzasy bardy. Abner bilen goşun onuň daş-töweregini alyp ýatyrdy.
8 Abyşaý Dawuda: «Hudaý bu gün duşmanyňy eliňe berdi. Indi maňa ygtyýar et: naýzany bir salanda, ony ýere çüýläýin – men ony ikinji gezege goýjak däl» diýdi.
9 Emma Dawut Abyşaýa: «Ony öldürme, sebäbi Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek günä bolar» diýdi.
10 Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.
11 Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn. Ýöne sen onuň başujundaky naýzany, suw küýzäni al, soň bu ýerden ökjäni götereli».
12 Şeýlelikde, Dawut Şawulyň başujundaky naýzany, suw küýzäni aldy. Soňra olar gitdiler. Muny görenem, duýanam bolmady, hiç kim oýanmady hem. Olar uklap ýatyrdylar. Reb olary agyr uka gideripdi.
13 Soňra Dawut başga tarapa gitdi we uzagrakdaky baýryň depesine çykyp saklandy. Ara ep-esli bardy.
14 Dawut goşuna hem-de Neriň ogly Abnere: «Abner! Jogap berjek dälmi?» diýip gygyrdy. Abner: «Patyşa gygyrýan kim bu?» diýip jogap gaýtardy.
15 Dawut oňa: «Sen beýik adam dälmi näme? Ysraýylda saňa, heý, taý geljek barmyka? Onda näme üçin sen öz jenabyň patyşa gözegçilik etmediň? Çünki kimdir biri seniň jenabyň patyşany öldürmäge geldi.
16 Bu eden işiňiz gowy däl. Rebden ant içýärin, sen ölüme mynasyp, sebäbi sen öz jenabyňa, Rebbiň seçip saýlan adamyna gözegçilik edip bilmediň. Ine, seret, patyşanyň başujundaky naýzasy bilen suw küýzesi nirede?»
17 Şawul Dawudyň sesini tanady we: «Dawut, oglum, bu seniň sesiň ýaly-la» diýdi. Dawut: «Hawa, bu meniň sesim, eý jenabym, eý patyşahym» diýdi.
18 Soň Dawut ýene sözüni dowam etdi: «Jenabym, men guluňy näme sebäpden beýdip kowalap ýörsüň? Meniň eden zadym näme? Ýazygym näme?
19 Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.
20 Şoňa görä goý, meniň ganym Rebbiň huzuryndan uzakdaky topraga dökülmesin. Eý, Ysraýylyň patyşasy, näme üçin sen meni aňtap ýörsüň? Men bir büre ahyryn!».
21 Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».
22 Dawut oňa şeýle jogap berdi: «Ine, naýzaň, eý patyşahym! Goý, ony ýigitleriňden biri gelip, alyp gitsin.
23 Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek islemedim.
24 Seniň janyň bu gün meniň üçin gymmatly bolşy ýaly, goý, Reb hem meniň janymy gymmatly görsün. Goý, Ol meni ähli bela-beterlerden gorasyn».
25 Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Oglum, Dawut, Hudaý saňa ýar bolsun! Köp işler edersiň we hemişe işiň rowaç bolar». Soňra Dawut öz ýoluna gitdi, Şawul hem öz öýüne dolandy.