1 Şamuwel

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Chapter 15

Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Reb Öz halky ysraýyla patyşa bellemek üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Indi sen Rebbiň sözüne gulak as.
2 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men amalekleri jezalandyrjak, çünki olar ysraýyllar Müsürden gelýärkäler, ýolda olara garşy boldular.
3 Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyrgyna ber“».
4 Şundan soň Şawul öz urşujylaryny Telaýym galasyna toplap, olaryň sanyny aldy; iki ýüz müň pyýada goşunyň daşyndan Ýahudadan-da on müň esger bardy.
5 Soňra Şawul amalekleriň galasyna gelip, çeşmäniň boýunda bukulyp ýatdy.
6 Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.
7 Şawul Hawyladan Müsüriň gündogaryndaky Şura çenli bolan aralykda amalekleri derbi-dagyn etdi.
8 Olar amalek patyşasy Agagy diri ele saldylar, halky bolsa gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler.
9 Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.
10 –11 Rebbiň Şamuwele: «Şawuly patyşa edendigime ökünýärin, çünki ol Menden ýüz öwürdi, buýruklarymy ýerine ýetirmedi» diýen sözi geldi. Bu Şamuweliň gaharyny getirdi. Ol bütin gijäni Rebbe perýat edip geçirdi.
12 Şamuwel daň bilen turup, Şawulyň gözlegine çykdy. «Şawul Karmel galasyna gidip, ol ýerde özüne ýadygärlik oturtdy, soňra bolsa Gilgala gitdi» diýip, Şamuwele habar beripdiler.
13 Şamuwel Şawulyň ýanyna baranda, Şawul oňa: «Reb saňa ýar bolsun! Men Rebbiň emrini berjaý etdim» diýdi.
14 Şamuwel oňa: «Onda bu goýunlaryň mälemesidir öküzleriň molamasy näme?» diýdi.
15 Şawul oňa: «Adamlar bulary amaleklerden getirdiler. Halk semiz goýunlardyr öküzleri seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin diri goýdular, galanlaryny bütinleý ýok edip taşladyk» diýip jogap berdi.
16 Soňra Şamuwel Şawula: «Besdir! Men saňa Rebbiň öten agşamky maňa diýen zadyny aýdyp berjek» diýdi. Şawul oňa: «Aýt» diýdi.
17 Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk etmeklige saýlady.
18 Reb seni ýola salyp: „Bar, şol günälileri – amalekleri gyryp, bütinleý ýok edýänçäň, olara garşy uruş“ diýipdi.
19 Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»
20 Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Men Rebbiň sözüne gulak asdym. Men Rebbiň aýdan ýerine gitdim; amalekleriň patyşasy Agagy tutup getirdim, olaryň özlerini bolsa gyryp, bütinleý ýok etdim.
21 Emma meniň adamlarym oljadan ýok edilmeli goýunlardyr öküzleriň iň semizlerini öldürmegiň deregine, olary Gilgalda seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin şu ýere getiripdirler».
22 Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, Gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.
23 Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».
24 Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.
25 Emma indi ýalbarýaryn, günämi öt. Rebbe sežde ederim ýaly, meniň bilen bile git».
26 Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Seniň bilen gitmerin, çünki sen Rebbiň sözüni ret etdiň, Reb hem seniň Ysraýyla patyşa bolmaklygyňy ret etdi».
27 Şamuwel gitmekçi bolup öwrülende, Şawul onuň donunyň synyndan ýapyşdy, don ýyrtyldy.
28 Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.
29 Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».
30 Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.
31 Şunlukda, Şamuwel yzyna Şawul bilen bile gaýtdy; Şawul Rebbe sežde etdi.
32 Soňra Şamuwel şeýle diýdi: «Amalekleriň patyşasy Agagy meniň ýanyma alyp geliň» diýdi. Agak onuň ýanyna göwnühoş halda geldi. Agak öz ýanyndan «ölüm howpy sowuldy» diýip oýlandy.
33 Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.
34 Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi.
35 Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.