Bap 10

Adalatsyz parzlary çykarýanlaryň, dat gününe zorluk permanyny ýazýanlaryň!
2 Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar.
3 Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, Nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?
4 Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr. Henizem Onuň eli. Hudaýyň Aşur baradaky hökümi
5 Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!
6 Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.
7 Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok, beýle pikir etmeýär ol; ýüreginde köp milletleri gyrmak, köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň.
8 Ol şeýle diýýär: «Leşgerbaşylarymyň ählisi patyşa dälmi näme?
9 Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samarýa Damask kimin dälmi?
10 Iýerusalim bilen Samarýanyňkydan-da beýik oýma butlary bolan butparaz patyşalyklary ele salşym ýaly,
11 Samarýa we onuň butlaryna edişim ýaly, Iýerusalime we onuň butlaryna-da şeýle ederin».
12 Reb Siýon dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».
13 Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär: «Muny öz elimiň güýji bilen, Öz paýhasym bilen gazandym, Men paýhaslydyryn. Milletleriň serhetlerini aýyrdym, olaryň hazynalaryny taladym, tagtyndan agdardym güýçli şalary.
14 Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady».
15 Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi? Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni? Özüni göterýäni göterermi taýak? Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?
16 Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.
17 Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.
18 Gözel tokaýlarydyr, mes toprakly ýerlerini bütinleý ýok eder Reb, heläk bolar agyr derde ýolugan adam deý.
19 Tokaýlarynda galan agaçlar şeýle az welin, çaga-da sanap, ýazyp biler olary.
20 Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar.
21 Aman galanlar, Ýakubyň aman galanlary gudratly Hudaýa dolanarlar.
22 Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe onuň aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar.
23 Taňry Hökmürowan Reb höküm edişi ýaly, bütin ýer ýüzünde heläkçiligi amala aşyrar.
24 Şonuň üçin Taňry Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Siýonda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.
25 Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger.
26 Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar.
27 Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».
28 Aýat şäherine gelýärler olar, Migrondan geçýärler, Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.
29 Geçelgeden geçýärler olar, Gebada bir gije düşleýärler, Rama şäheri lerzana gelýär, Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.
30 Bar sesiňe gygyr, eý, Gallym gyzy! Gulak goý, eý, Laýşa! Eý, görgüli Anatot!
31 Madmena gaçyp gidýär, Gebimiň ilaty pena agtarýar.
32 Bu gün duşmanlar Nobda galarlar, Siýon gyzynyň dagyna, Iýerusalimiň depesine ýumruk çenär.
33 Ine, Hökmürowan Taňry Reb gudratly güýji bilen keser şahalary, Iň beýik agaçlar çapylar, belentlikleri ýere ýazylar.
34 Tokaýyň gür ýerlerini palta bilen çapar, Liwan Gudratly Bolanyň öňünde ýykylar.