Bap 16

Sähra ýoly bilen Seladan Siýon gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň.
2 Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.
3 «Maslahat ber, adalaty berjaý et. Günortan çagy gije kimin üstümize saýa sal. Kowulanlary gizle, gaçgaklary ele berme.
4 Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar.
5 Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder.
6 Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.
7 Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharesetiň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň.
8 Heşbonyň ekin meýdanlary, Sibmanyň üzümçilikleri gurady; başga milletleriň baştutanlary saýlama üzümçilikleri basgyladylar; üzümçilikler Ýazere ýetip, çöle çenli ýaýyldy; şahalary ýaýrap, deňizden-de aşdy.
9 Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.
10 Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.
11 Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirheres üçin barbat dek nala çekýär.
12 Mowaplylar sežde edýän ýerlerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez.
13 Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi.
14 Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».