Bap 21

Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.
2 Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Midiýa! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.
3 Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.
4 Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar.
5 Iýýärler, içýärler, halylar düşäp, saçak ýazyp. Eý, serkerdeler, turuň-da, galkanlary ýaglaň!
6 Reb maňa şeýle diýdi: «Git-de bir gözegçi goý, goý, ol habar bersin görenini.
7 Ol söweş arabalaryny, jübüt-jübüt atlylary, eşeklileri, düýelileri görende, dykgat bersin, üns bersin».
8 Gözegçi gygyrdy: «Ýa Reb, garawul diňidir gündizlerine ornum, nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.
9 Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy"» diýip jogap berdi ol.
10 Eý, harmanda döwlen, ýele sowrulan halkym! Hökmürowan Rebden, Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir, size aýan edýänim.
11 Duma baradaky pygamberlik. Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»
12 «Daň atyp barýar, ýöne entek gije. Ýene sorajak bolsaňyz soraň, soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.
13 Arabystan hakyndaky pygamberlik. Eý, dedanlylaryň kerwenleri! Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.
14 Eý, Tema ýurdunyň halky, suwsana suw, bosgunlara çörek ber.
15 Olar gylyçdan gaçdylar, syrylan gylyçdan, çekilen ýaýdan, agyr söweşden gaçdylar.
16 Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner.
17 Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi.