Bap 48

Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.
2 Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
3 «Geçmişdäkileri owaldan Men beýan etdim, Meniň agzymdan çykdy, Men olary bildirdim; duýdansyz şeýle etdim, olar berjaý boldy.
4 Siziň kesirdigiňizi Men bilýändirin. Ýeňse damaryňyz demirdendir, maňlaýyňyz misdendir.
5 Bulary size owaldan beýan etdim. „Bulary eden meniň butum, oýma, guýma heýkellerim bulary buýruk berdi" diýmeziňiz ýaly, berjaý bolmankalar, olary size aýan etdim.
6 Indi eşidenleriňiziň ählisini görüň; olary yglan etjek dälmisiňiz? Indiden beýläk size täze zatlary, siziň bilmeýän, gizlin zatlaryňyzy aýdaryn.
7 Bular ýaňy ýaradyldy, geçmişde däl, şu güne deňeç bilmediňiz bulary, „Bulary eýýäm bilýärdik" diýerdiňiz ýogsa.
8 Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.
9 Öz adymyň hatyrasyna gaharymy ýatyrýaryn, gaharymy saklaýaryn Öz hormatymyň hatyrasyna, ýok ederdim sizi ýogsam.
10 Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl, azap küresinde synadym seni.
11 Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin, näme üçin Meniň adym harlansyn? Başga bermerin şöhratym.
12 Eý, Ýakup, Eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, ilkinji-de, soňky-da Mendirin.
13 Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir, Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan; bary birlikde öňümde durýarlar, olary çagyranymda».
14 Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb ony söýýär; maksadyny amala aşyrar Ol Babylda. Onuň goly kesetlere garşy bolar.
15 «Men, hawa, Men gepledim, Ony Men çagyrdym, Men getirdim, ol öz ýolunda üstünlik gazanar.
16 Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.
17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.
18 Käşgä tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadançylygyňyz derýa deý, deňiz tolkunlary deý bolardy dogrulygyňyz.
19 Perzentleriňiz çäge deý, çäge ownuklary deý bolardy nesilleriňiz; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».
20 Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.
21 Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.
22 Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär.