Bap 32

Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder, hökümdarlar adalatlyk bilen höküm sürerler.
2 Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.
3 Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar.
4 Akylsyzyň akyly goýalar, sakaw açyk-aýdyň geplär.
5 Mundan beýläk akmaga asylzada, ýaramaza hormat goýulmaz.
6 Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.
7 Hilegäriň ýaragy ýamandyr, pukara dogry sözleýän hem bolsa, olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup, niýetlerini ýamana dikýändirler.
8 Emma asylzada asylly niýet edýär, asylly işlerinde berk durýar ol. Özüne buýsanýan aýala duýduryş
9 Eý, özlerine buýsanýan aýallar, turuň, sesimi eşidiň! Eý, özlerine daýanýan aýallar, sözüme gulak goýuň!
10 Eý, özlerine buýsanýan aýallar, bir ýyldan soňra titreşersiňiz, çünki üzüm hasyl bermez, miwe ýygymy bolmaz.
11 Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, Eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!
12 Ajaýyp ekin meýdanlary üçin, hasylly üzüm bagy üçin, döşüňize urup aglaşyň!
13 Halkymyň tikendir çaly biten topragy üçin, şadyýan şäherdäki şatlykdan doly öýler üçin aglaşyň!
14 Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi minarasy harabalyga, ýabany eşekleriň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.
15 Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.
16 Onsoň çölde adalat mesgen tutar, dogrulyk hasylly meýdanda ýaşar.
17 Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.
18 Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.
19 Jeňňel bütinleý ýok bolsa-da, ýer bilen ýegsan edilenem bolsa şäher,
20 her çeşmäniň boýunda ekin ekýän, öküzi, eşegi boş iberýän siz bagtly bolarsyňyz!