Bap 20

Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy.
2 Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, biliňdäki july çöz, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, ýalaňaç, aýakýalaň gezdi.
3 Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap ýalaňaç, aýakýalaň gezişi kimin,
4 Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.
5 Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.
6 Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?"».