Bap 27

Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Sidkiýanyň şalygynyň başlangyjynda Ýermeýa Rebbiň sözi geldi.
2 Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak.
3 Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber.
4 Çaparlara öz hojaýynlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Rebbiň şeýle diýýändigini buýur:
5 „Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Ony göwnümiň islän kişisine bererin.
6 Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.
7 Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.
8 Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr“.
9 „Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň.
10 Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz.
11 Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýar“».
12 Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.
13 Rebbiň Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigi aýdylyşy ýaly, näme üçin özüň bilen halkyň gylyçdan, açlykdan, mergiden ölsün?
14 Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“ diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler.
15 Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Reb aýdýandyr».
16 Soňra men ruhanylara we tutuş halka Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendim: «Siz özüňize: „Rebbiň ybadathanasyndaky gap-gaçlar basym Babyldan yzyna getiriler“ diýýän pygamberleriňiziň sözlerini diňlemäň. Olar size ýalandan pygamberlik edýärler.
17 Olary diňlemäň, Babyl patyşasyna gulluk edip, diri galyň. Bu şäher näme üçin weýran bolsun?
18 Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar.
19 Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa we Ýahudanyň, Iýerusalimiň begzadalaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkidende alyp gitmedik gap-gaçlary bar.
20 Sütünler, howuz, araba hakda we bu şäherde galan gap-gaçlar hakda Hökmürowan Reb söz açýar.
21 Hawa, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan şol gap-gaçlar hakda şeýle diýýär:
22 „Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin.“ Muny Reb aýdýandyr».