Bap 6

«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.
2 Siýon gyzy – owadan hem näzik gyzy heläk ederin.
3 Çopanlar sürüleri bilen onuň ýanyna gelerler. Çadyrlaryny onuň daş-töwereginde dikip, her kim özüniň öri meýdanynda otlar.
4 Iýerusalime garşy söweşmäge taýýarlanyň. Turuň, gündiziň güni çozalyň! Işimiz gaýtdy! Gün ýaşyp barýar, öýlän kölegeler uzalýar!
5 Turuň, gije çozalyň, galalaryny weýran edeliň!»
6 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň, diwaryna çykmak üçin ýapgyt guruň. Bu şäher jezalandyrylmalydyr, munuň içinde zulumdan başga zat ýok.
7 Çeşmeden suw nähili joşýan bolsa, bu şäherden-de pislik şeýle joşýandyr. Içinde eşidilýär zorluk hem zulum, hassalyk hem ýaralar bar görýänim.
8 Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan, ýogsam Men senden ýüz öwrerin. Seni harabaçylyga, ilatsyz bir ýurda öwrerin».
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Üzümiň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly, Ysraýylyň aman galanlary hem soňkusyna çenli ýygnalar. Şonuň üçin üzüm ýygýançy deý eliňi soňky gezek şaha uzat.
10 Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.
11 Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim. Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.
12 Olar öýleridir mellekleri bilen aýallary berler başgalara, Men elimi galdyraryn bu ýurduň ilatyna». Muny Reb aýdýandyr.
13 «Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşgynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.
14 Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.
15 Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.
16 Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.
17 Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.
18 Şonuň üçin hem, eý, milletler gulak goýuň. Olaryň başyndan näme injegini, eý, şaýatlar biliň.
19 Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler.
20 Näme üçin Maňa Sabadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan şeker çiňrik getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».
21 Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».
22 Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar.
23 Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Siýon gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular.
24 Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.
25 Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar.
26 Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler.
27 Men seni halkymyň arasynda barlagçy hem derňewçi goýdum, eden işlerini barlarsyň, derňärsiň.
28 Olaryň bary tekepbir pitneçidirler, gybatdyr töhmet bilen ýaşaýarlar. Ýüregi bürünç, demir deý gatap, hemmesi ýoldan çykandyr.
29 Körük gyzdyrylýar, otda gurşun ereýär, emma zergäriň bu eden işi puçdur, şonda-da pislik hiç aýrylmaýar.
30 Olara „ýalan kümüş“ diýler, çünki Reb olary ret etdi».