Bap 36

Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:
2 «Özüňe bir kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.
3 Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».
4 Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy.
5 Ýermeýa Baruga şeýle buýruk berdi: «Maňa Rebbiň öýüne barmak gadagan.
6 Ýöne sen git-de, meniň dilimden ýazyp alan Rebbiň sözlerini agyz bekleme güni Rebbiň öýünde halka okap ber. Ony Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halka eşitdirip okap ber.
7 Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».
8 Rebbiň öýünde Neriýanyň ogly Baruk Rebbiň sözleri ýazylan haty okady. Ol Ýermeýa pygamberiň tabşyran ähli zadyny berjaý etdi.
9 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň bäşinji ýylynyň dokuzynjy aýynda Iýerusalim bilen Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halk Rebbiň öýünde agyz beklemegi yglan etdi.
10 Şonda Baruk ýokarky howluda, Rebbiň öýüniň Täze derwezesiniň girelgesinde ýerleşýän Şapanyň ogly kätip Gemarýanyň otagynda Ýermeýanyň sözlerini ähli halka eşitdirip okady.
11 Şapanyň agtygy, Gemarýanyň ogly Mikaýa hatdaky okalan Rebbiň sözlerini eşidende,
12 patyşanyň köşgündäki kätibiň otagyna gitdi. Ähli ýolbaşçylar, Elişama kätip, Şemagýanyň ogly Delaýa, Akboryň ogly Elnatan, Şapanyň ogly Gemarýa we Hananýanyň ogly Sidkiýa hem-de ähli köşk emeldarlary ol ýerde otyrdylar.
13 Barugyň halka okap beren hatyndaky eşiden ähli sözlerini Mikaýa olara aýdyp berdi.
14 Onsoň ähli köşk emeldarlary: «Halka okan hatyňy al-da, gel» diýip, Kuşynyň çowlugy, Şelemýanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ýegudyny Barugyň ýanyna ýolladylar. Neriýanyň ogly Baruk-da haty eline alyp, olaryň ýanyna geldi.
15 Olar oňa: «Indi otur-da, ony bize okap ber» diýdiler. Şeýlelikde, Baruk ony olara okap berdi.
16 Olar bu sözleri eşidenlerinde, gorkudan ýaňa biri-birlerine bakyşyp, Baruga: «Biz bu sözleriň ählisini hökman patyşa aýdarys» diýdiler.
17 Onsoň olar Barukdan: «Indi bize aýt, sen bu sözleri nädip ýazdyň? Ýermeýanyň öz dilindenmi?» diýip soradylar.
18 Baruk: «Ol bu sözleriň baryny maňa dilden aýtdy, men hem syýa bilen kagyza geçirdim» diýip jogap berdi.
19 Onsoň köşk emeldarlary Baruga: «Gidiň-de, Ýermeýa ikiňizem gizleniň, nirededigiňizi hiç kim bilmesin» diýdiler.
20 Olar haty kätip Elişamanyň otagynda goýdular, özleri bolsa, köşkdäki patyşanyň ýanyna gidip, ähli sözleri oňa ýetirdiler.
21 Patyşa Ýegudyny haty getirmäge iberdi. Ol hem ony kätip Elişamanyň otagyndan alyp geldi. Soňra Ýegudy ony patyşa we patyşanyň huzuryndaky emeldarlara eşitdirip okady.
22 Dokuzynjy aýdy, patyşa gyş köşgünde otyrdy. Öňündäki ojakda bolsa, ot ýanyp durdy.
23 Ýegudy her parçany okanda, patyşa kagyz kesilýän pyçak bilen ony kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy. Şeýdip, ol haty tutuşlygyna oda ýakdy.
24 Ýöne bu sözleriň hemmesini eşiden patyşadyr onuň ähli hyzmatkärleri gorkmadylar, eginbaşlarynam ýyrtmadylar.
25 Elnatan, Delaýa we Gemarýa patyşadan ýazgyly kagyzy ýakmazlygyny ýalbaryp haýyş etseler-de, patyşa olara gulak asmady.
26 Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.
27 Barugyň Ýermeýanyň dilinden ýazyp alan kagyzyny patyşa ýakanyndan soň, Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:
28 «Başga bir kagyz al-da, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan hatyndaky sözleriň ählisini oňa ýaz.
29 Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen Ýermeýadan Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin hat ýazdyň diýip soradyň we bu haty ýakdyň“.
30 Munuň üçin Reb Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada şeýle diýýär: „Onuň neslinden hiç kim Dawut tagtynda oturmaz. Jesedi gündiziň yssysyna, gijäniň aýazyna taşlanar.
31 Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar gulak asmadylar“».
32 Onsoň Ýermeýa başga bir haty Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan hatynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu sözlere meňzeş köp sözler olara goşuldy.