Bap 43

Ýermeýa tutuş halka özleriniň Hudaýy Rebbiň sözlerini, olaryň Hudaýy Rebbiň öz üsti bilen iberen sözleriniň baryny doly ýetirende,
2 Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.
3 Babyllylar bizi öldürsinler ýa-da Babyla ýesir edip äkitsinler diýip, bizi olaryň eline tabşyrmak üçin Neriýanyň ogly Baruk seni biziň üstümize küşgürýär».
4 Şeýdip, Kareýanyň ogly Ýohanan, goşun serkerdeleriniň hemmesi we tutuş halk Ýahuda ýurdunda ýaşamak babatda Rebbe gulak asmadylar.
5 Kareýanyň ogly Ýohanan we goşun serkerdeleri Ýahuda ýurdunda mesgen tutjak bolup, dargadylan milletlerden gaýdyp gelen Ýahudanyň hemme aman galanlaryny alyp gitdiler.
6 Olaryň arasynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Şapanyň agtygy Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanynda galdyran erkekleri, aýallary, çagalary, patyşanyň gyzlary – ähli adamlary, Ýermeýa pygamber we Neriýanyň ogly Baruk dagy hem bardy.
7 Olar Rebbe gulak asman, Müsür ýurduna gitdiler we Tahpanhese geldiler.
8 Onsoň Tahpanhesde Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:
9 «Eliňe uly daşlar al-da, Tahpanhesde fyrownyň köşgüniň girelgesindäki meýdançanyň kerpiçleriniň arasynda göm. Muny ýahudalaryň gözleriniň alnynda et.
10 Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker.
11 Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler.
12 Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar.
13 Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».