Bap 29

Ýermeýa pygamber sürgündäkileriň arasynda aman galan ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nebukadnesaryň Iýerusalimden Babyla äkiden ähli halkyna Iýerusalimden bir hat ýollady. Onuň hatynyň sözleri şulardyr.
2 Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi.
3 Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna iberen Şapanyň ogly Elasanyň we Hilkiýanyň ogly Gemarýanyň eli bilen gowşuryldy. Onda şeýle diýilýär:
4 «Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkiden ähli adamlaryma şeýle diýýärin:
5 „Öýler gurup, olarda ýaşaň; baglar ekip, miwesini iýiň.
6 Öýleniň, ogullaryňyz hem gyzlaryňyz bolsun. Ogullaryňyzy öýlendiriň, gyzlaryňyzy durmuşa çykaryň. Olardan-da ogullar we gyzlar dünýä insin. Ol ýerde azalmaň-da, gaýtam köpeliň.
7 Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“.
8 Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň.
9 Olar size Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym, muny Reb aýdýandyr“.
10 Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.
11 Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.
12 Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin.
13 Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz.
14 Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Reb aýdýandyr. Men siziň öňki abadançylygyňyzy dikelderin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.
15 Emma siz: ‘Reb Babylda biziň üçin pygamberler belledi’ diýýärsiňiz.
16 Reb Dawudyň tagtynda oturan patyşa hakda, bu şäherde ýaşaýan ähli halk, ýagny siziň bilen sürgüne gitmedik doganlaryňyz hakda şeýle diýýändir“.
17 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olaryň üstüne gylyjy, açlygy, mergini ýollaryn. Olary iýip bolmaýan çüýrük injirler kimin ederin.
18 Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.
19 Çünki olar Meniň sözlerimi we gaýta-gaýta özlerine ýollan gullarym bolan pygamberleriň sözlerini diňlemediler. Muny Reb aýdýar. Eý, sürgündäkiler, siz hem gulak asmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.
20 Şonuň üçin hem, Iýerusalimden Babyla sürgün edilen baryňyz Men-Rebbiň sözüni diňläň.“
21 Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer.
22 Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň bary olaryň adyny gargyş hökmünde ulanyp: ‘Goý, Reb seni Babyl patyşasynyň diriligine oda ýakan Sidkiýa we Ahap kimin etsin!’ diýerler.
23 Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin.“ Muny Reb aýdýandyr».
24 «Nehelamly Şemagýa Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý:
25 „Sen Iýerusalimdäki ähli halka, Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhana we ähli ruhanylara öz adyňdan hatlar ýollap, şeýle diýdiň:
26 ‘Ruhany Ýehoýadanyň deregine seni Rebbiň Özi ruhany edip belledi. Rebbiň öýüniň baş gözegçileri ol ýerde özüni pygamber edip görkezýän her bir däli adamy kündeläp, demir zynjyra baglasynlar.
27 Onda näme üçin size pygamberlik edýän anatotly Ýermeýa çäre görmeýärsiňiz?
28 Ol bize ýesirligiň uzaga çekjekdigi, öýler gurup, olarda ýaşamagymyzy, baglar ekip, olaryň miwesini iýmegimizi aýdyp, bu ýere – Babyla habar ýollady ahyryn’“».
29 Sepanýa ruhany bu haty Ýermeýa eşitdirip okady.
30 Onsoň Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:
31 «Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“.
32 Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb aýdýandyr“».