1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 13

Dawut müňbaşylardyr ýüzbaşylar we her bir baştutan bilen geňeşdi.
2 Ol tutuş Ysraýyl jemagatyna şeýle diýdi: «Eger makul bilseňiz, eger Hudaýymyz Reb halasa, geliň, öri meýdanly galalardaky ruhanylardyr lewiler bilen bilelikde, tutuş Ysraýyldaky ähli dogan-garyndaşlarymyzy adam iberip, öz ýanymyza ýygnalyň.
3 Soň Hudaýyň Äht sandygyny getireliň. Çünki Şawulyň günlerinde biz ony idemedik».
4 Bu jemagatyň göwnünden turansoň, tutuş halk muňa razy boldy.
5 Şeýdip, Dawut, Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan getirmek üçin, Müsüriň çägindäki Şihor derýasy bilen Lebohamat aralygyndaky ähli ysraýyllary ýygnady.
6 Dawut tutuş Ysraýyl bilen bile keruplaryň üstünde tagt gurup oturan Beýik Hudaýyň sandygyny, Onuň ady dakylan sandygy getirmek üçin Ýahudadaky Bagala, ýagny Kirýatýegaryma gitdi.
7 Olar Hudaýyň sandygyny Abynadabyň öýünden çykaryp, täze arabada goýdular. Arabany Uza bilen Ahýo alyp barýardy.
8 Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda barbat, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.
9 Olar Kidonyň harmanyna gelenlerinde, öküzler büdrediler; Uza sandygy tutjak bolup, elini onuň üstünde goýdy.
10 Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Reb ony öldürdi, sebäbi ol sandyga elini degiripdi. Uza şol ýerde – Hudaýyň huzurynda jan berdi.
11 Rebbiň Uza garşy zarba urandygyna Dawudyň gahary geldi. Ol ýer şu güne çenli Peres Uza diýlip atlandyrylýar.
12 Dawut şol gün Rebden gorkup: «Men Hudaýyň sandygyny nädip ýanyma getirip bilerin?» diýdi.
13 Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň sandygyny öz ýanyna Dawut galasyna getirmedi. Ol sandygy gatly Obededomyň öýünde goýdy.
14 Hudaýyň sandygy üç aý Obededomyň hojalygynda galdy. Reb Obededomyň hojalygyna we onuň ähli zatlaryna bereket berdi.