1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 15

Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi.
2 Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömür-baky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.
3 Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady.
4 Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady:
5 Kohadyň kowumyndan ýüz ýigrimi sany dogany bilen olaryň baştutany Uryýel;
6 Merarynyň kowumyndan iki ýüz ýigrimi dogany bilen olaryň baştutany Asaýa;
7 Gerşomyň kowumyndan ýüz otuz dogany bilen olaryň baştutany Ýowel;
8 Elisapanyň kowumyndan iki ýüz dogany bilen olaryň baştutany Şemagýa;
9 Hebronyň kowumyndan segsen dogany bilen olaryň baştutany Eliýel;
10 Uzyýeliň kowumyndan ýüz on iki dogany bilen olaryň baştutany Amynadap.
11 Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Amynadaby çagyryp, olara şeýle diýdi:
12 «Siz lewileriň urugbaşylarydyrsyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň.
13 Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».
14 Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler.
15 Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.
16 Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, barbat, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.
17 Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowumyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler.
18 Zakarýa, Ýagzyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Benaýa, Magaseýa, Matytýa, Elipelehu we Mikneýa olara kömekçi edip bellenildi; Obededom bilen Ýegiýel bolsa derwezebanlardy.
19 Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagylar bürünç kimwallar,
20 Zakarýa, Azyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Magaseýa, Benaýa dagylar alamot äheňinde barbat çalmalydylar.
21 Matytýa, Elipelehu, Mikneýa, Obededom, Ýegiýel hem-de Azazýa dagylar bolsa şeminit äheňinde çeň bilen sazy alyp gitmelidiler.
22 Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy.
23 Berekýa bilen Elkana sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
24 Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Amasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
25 Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler.
26 Hudaý Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler.
27 Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagylar ýaly, Dawut hem ýüpek don geýdi. Dawudyň egninde ýüpek efot hem bardy.
28 Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, tüýdügiň, surnaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, çeňdir barbatlaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.
29 Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.