1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Chapter 2

Ysraýylyň ogullary şulardyr: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Dan, Ýusup, Benýamin, Naftaly, Gat we Aşer.
2
3 Ýahudanyň ogullary şulardyr: Er, Onan we Şela. Bu üçüsi onuň kenganly aýaly Batşuwadan doglan ogullarydyr. Reb Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Öz nazarynda betpäl bolany üçin öldürtdi.
4 Ýahudanyň gelni Tamardan Peres hem Zera doguldy. Onuň jemi bäş ogly bardy.
5 Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
6 Zeranyň ogullary: Zimri, Eýtan, Heýman, Kalkol, Dara, jemi bäş ogul.
7 Karmynyň ogly: Akar. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi.
8 Eýtanyň ogly Azarýa.
9 Hesronyň ogullary: Ýerahmeýel, Ram we Kelubaý.
10 Ramdan Amynadap, Amynadapdan ýahudalaryň tirebaşysy Nahşon doguldy.
11 Nahşondan Salma, Salmadan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý doguldy.
12
13 Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi.
14
15
16
17 Abygaýyldan Amasa doguldy. Ysmaýyl urugyndan bolan Ýeter Amasanyň kakasydyr.
18 Hesronyň ogly Kalebiň öz aýaly Azubadan hem-de Ýerigotdan birnäçe çagasy boldy. Azubadan bolan ogullar, ine, şulardyr: Ýeşer, Şobap, Ardon.
19 Azuba ölenden soň, Kalep Efraty aýallyga aldy; Efratdan Hur doguldy.
20 Hurdan Ury, Urudan Besalel doguldy.
21 Hesron Gilgadyň kakasy Makyryň gyzynyň ýanyna girdi. Hesron oňa öýlenende altmyş ýaşyndady. Ondan Segup doguldy.
22 Segupdan Ýaýyr doguldy. Gilgatda onuň ýigrimi üç galasy bardy.
23 Ýöne Geşur bilen Aram olardan Hawotýaýyry hem-de Kenaty obalary bilen bile – jemi altmyş gala aldylar. Şular Gilgadyň kakasy Makyryň nesilleridir.
24 Kalepefratda Hesron dünýäden ötüp, aýaly Abyýa Aşhury dogdy. Aşhur Tekowa galasyny esaslandyrypdy.
25 Hesronyň nobahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa.
26 Ýerahmeýeliň Atara atly ýene-de bir aýaly bardy. Ol Onamyň ejesidir.
27 Ýerahmeýeliň nowbahar ogly Ramdan Magas, Ýamyn we Eker doguldy.
28 Onamdan Şammaý hem-de Ýada, Şammaýdan Nadap hem-de Abyşur doguldy.
29 Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ondan Ahban hem-de Molyt doguldy.
30 Nadapdan Selet we Apaýym doguldy. Seletden nesil galmady.
31 Apaýymdan Ýişgi, Ýişgiden Şeşan, Şeşandan Ahlaý doguldy.
32 Şammaýyň inisi Ýadadan Ýeter we Ýonatan doguldy. Ýeterden nesil galmady.
33 Ýonatandan Pelet hem-de Zaza doguldy. Bular Ýerahmeýeliň nesilleridir.
34 Şeşanyň ogly ýokdy, onuň diňe gyzlary bardy; ýöne Şeşanyň Ýarha atly bir müsürli guly bardy.
35 Onsoň Şeşan guly Ýarha gyzyny aýallyga berdi. Onuň gyzyndan Ataý doguldy.
36 Ataýdan Natan, Natandan Zabat,
37 Zabatdan Eplal, Eplaldan Obet,
38 Obetden Ýehu, Ýehudan Azarýa,
39 Azarýadan Heles, Helesden Elgasa,
40 Elgasadan Sismaý, Sismaýdan Şallum,
41 Şallumdan Ýekamýa, Ýekamýadan Elişama doguldy.
42 Ýerahmeýeliň inisi Kalebiň ogullary: nowbahar ogly Meşa; ol Zibiň kakasydyr. Kalebiň ikinji ogly Mareşa; ol Hebronyň kakasydyr.
43 Hebronyň ogullary: Kora, Tapuwa, Rekem we Şema.
44 Şemadan Ýorkagamyň kakasy Raham; Rekemden Şammaý doguldy.
45 Şammaýdan Magon doguldy. Magon Beýtsuryň kakasydyr.
46 Kalebiň gyrnak aýaly Eýpadan Haran, Mosa we Gazez doguldy. Harandan ogul bolup, oňa doganynyň adyny, Gazez dakdy.
47 Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpa we Şagap.
48 Kalebiň gyrnak aýaly Magakadan Şeber hem-de Tirhana doguldy.
49 Soňra ondan Şagap bilen Şewa doguldy. Şagap Madmannany esaslandyrypdy, Şewa Makbena bilen Gibgony esaslandyrypdy. Kalebiň hem bir gyzy bardy, onuň ady Aksady.
50 Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Hur Kalebiň hem aýaly Efratyň nowbahar ogludy. Huryň ogly Şobal Kirýatýegarymy esaslandyrypdy.
51 Onuň ikinji ogly Salma Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji ogly Harep Beýtgaderi esaslandyrypdy.
52 Kiriýatýegarymy esaslandyran Şobal Harowa halkynyň, manahatlaryň ýarysynyň atasydy.
53 Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan itrileriň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky şu uruglardan gelip çykypdy.
54 Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy.
55 Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.