1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 18

Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Gat galasyny hem-de onuň obalaryny piliştlileriň elinden aldy.
2 Ol mowaplylary ýeňdi. Mowaplylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler.
3 Soňra Dawut Perat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.
4 Dawut onuň müň sany söweş arabasyny, arabaly goşunynyň ýedi müň esgerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.
5 Damaskda ýaşaýan aramlylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut aramlylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.
6 Dawut Damaskda ýaşaýan aramlylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Aramlylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
7 Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.
8 Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady.
9 Hamat şasy Togu Dawudyň Soba şasy Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.
10 Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togu öz ogly Hadoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togu bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Hadoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.
11 Dawut bu sowgatlary-da ähli halklardan: edomlardan, mowaplardan, ammonlardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.
12 Seruýanyň ogly Abyşaý Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürdi.
13 Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
14 Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.
15 Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – ýyl ýazgyçydy,
16 Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Abymelek ruhanydylar, Şawşa – kätipdi,
17 Ýehoýadanyň ogly Benaýa keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa şa hyzmatynyň baştutanlarydy.