1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Chapter 19

1 Biraz wagtdan soň ammonlaryň patyşasy Nahaş ölüp, ýerine ogly tagta çykdy.
2 Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň adamlary ammonlaryň ýurduna Hanuny köşeşdirmek üçin onuň ýanyna gelenlerinde,
3 ammonlaryň ýolbaşçylary Hanuna: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir» diýdiler.
4 Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.
5 Şeýdip, olar ol ýerden gaýtdylar. Bu adamlar hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden çaparlar iberdi, çünki olar gaty kemsidilipdi.
6 Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Hanun bilen Mesopotamiýadan, Aramagakadan hem-de Sobadan söweş arabalaryny, arabaly goşuny hakyna tutmak üçin, olara bir müň ýedi ýüz batman kümüş iberdi.
7 Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar.
8 Dawut muny eşidip, Ýowaby hem batyr esgerli bütin goşunyny iberdi.
9 Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular, gelen patyşalar bolsa açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.
10 Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary aramlylaryň garşysyna nyzama duruzdy.
11 Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlaryň garşysyna nyzama duruzdy.
12 Ýowap: «Bardy-geldi aramlylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.
13 Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini etsin» diýdi.
14 Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary aramlylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar.
15 Aramlylaryň gaçanyny gören ammonlar hem Ýowabyň dogany Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap Iýerusalime geldi.
16 Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini görüp, aramlylar Peratyň aňyrsyndaky aramlylara çaparlar iberip, olary Şopagyň baştutanlygynda çykartdylar. Şopak Hadadgezeriň goşunbaşysydy.
17 Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi. Ol olaryň ýanyna gelip, öz güýçlerini aramlylara garşy gönükdirdi. Dawut öz goşunyny aramlylaryň garşysyna nyzama duruzdy we aramlylar olar bilen urşa girişdiler.
18 Aramlylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini, pyýada goşundan kyrk müň adamy hem-de olaryň goşunbaşysy Şopagy öldürdi.
19 Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňilendiklerine göz ýetirip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşyp, oňa boýun egdiler. Aramlylar mundan beýläk ammonlara kömek etmek islemediler.