1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Chapter 6

Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary.
2 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
3 Imranyň ogullary: Harun, Musa we Merýem. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar.
4 Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa,
5 Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy,
6 Uzydan Zerahýa, Zerahyýadan Meraýot,
7 Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
8 Ahytupdan Sadok, Sadokdan Ahymagas,
9 Ahymagasdan Azarýa, Azarýadan Ýohanan,
10 Ýohanandan Azarýa doguldy. Bu şol Süleýmanyň Iýerusalimde guran öýünde ruhanylyk eden Azarýadyr.
11 Azarýadan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
12 Ahytupdan Sadok, Sadokdan Şallum,
13 Şallumdan Hilkiýa, Hilkiýadan Azarýa
14 Azarýadan Seraýa, Seraýadan Ýehosadak doguldy.
15 Nebukadnesaryň üsti bilen Reb Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny sürgün eden döwründe Ýehosadak hem sürgün edildi.
16 Lewiniň ogullary: Gerşom, Kohat we Merary.
17 Gerşomyň ogullarynyň atlary Libni hem-de Şimgidir.
18 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
19 Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Nesillerine görä lewileriň uruglary sulardyr:
20 Gerşomyň nesilleri: Gerşomdan Libni, Libniden Ýahat, Ýahatdan Zimma,
21 Zimmadan Ýowa, Ýowadan Ydo, Ydodan Zera, Zeradan Ýeýatraý doguldy.
22 Kohadyň nesilleri: Kohatdan Amynadap, Amynadapdan Kora, Koradan Asyr,
23 Asyrdan Elkana, Elkanadan Ebiýasap, Ebiýasapdan Asyr,
24 Asyrdan Tahat, Tahatdan Uryýel, Uryýelden Uzyýa, Uzyýadan Şawul doguldy.
25 Elkananyň ogullary: Amasaý we Ahymot.
26 Ahymotdan Elkana, Elkanadan Sopa, Sopadan Nahat,
27 Nahatdan Eliýap, Eliýapdan Ýeroham, Ýerohamdan Elkana doguldy.
28 Şamuweliň ogullary: nowbahar ogly Ýowel, ikinji ogly Abyýa.
29 Merarynyň nesilleri: Merarydan Mahly, Mahlydan Libni, Libniden Şimgi, Şimgiden Uza,
30 Uzadan Şimga, Şimgadan Hagyýa, Hagyýadan Asaýa doguldy.
31 Äht sandygyny Rebbiň öýünde goýandan soň, Dawudyň şol ýerde nagma aýtmaga bellän adamlary şulardyr.
32 Bular Süleýman Iýerusalimde Rebbiň öýüni gurýança, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň öňünde nagma aýtdylar. Olar özlerine mahsus düzgünler boýunça hyzmata durdular.
33 Ol ýerde hyzmata duranlar hem-de olaryň nesilleri şulardyr: kohat urugyndan Heýman bagşy. Heýmanyň ata-babalary şulardyr: Şamuwel Ýoweliň atasy,
34 Elkana Şamuweliň atasy, Ýeroham Elkananyň atasy, Eliýel Ýoramyň atasy, Towa Eliýeliň atasy,
35 Sup Towanyň atasy, Elkana Supuň atasy, Mahat Elkananyň atasy, Amasaý Mahatyň atasy,
36 Elkana Amasaýyň atasy, Ýowel Elkananyň atasy, Azarýa Ýoweliň atasy, Sepanýa Azarýanyň atasy,
37 Tahat Sepanýanyň atasy, Asyr Tahatyň atasy, Ebiýasap Asyryň atasy, Kora Ebiýasabyň atasy,
38 Ýishar Koranyň atasy, Kohat Ýisharyň atasy, Lewi Kohadyň atasy, Ysraýyl Lewiniň atasy.
39 Onuň sagynda duran dogany Asaf, Gerşon urugyndan. Onuň ata-babalary şulardyr: Berekýa ogly, Şimga Berekýanyň atasy,
40 Mikaýyl Şimganyň atasy, Bagaseýa Mikaýylyň atasy, Malkyýa Bagaseýanyň atasy,
41 Etni Malkyýanyň atasy, Zera Etniniň atasy, Adaýa Zeranyň atasy,
42 Eýtan Adaýanyň atasy, Zimma Eýtanyň atasy, Şimgi Zimmanyň atasy,
43 Ýahat Şimginiň atasy, Gerşom Ýahatyň atasy, Lewi Gerşomyň atasy.
44 Çep tarapynda olaryň Merary urugyndan bolan garyndaşlary durdy. Olar şulardyr: Kişi Eýtanyň kakasy, Abdy Kişiniň kakasy, Malluk Abdynyň kakasy,
45 Haşabýa Mallugyň kakasy, Amazýa Haşabyň kakasy, Hilkiýa Amazýanyň kakasy,
46 Amasy Hilkiýanyň kakasy, Bany Amasynyň kakasy, Şemer Banynyň kakasy,
47 Mahly Şemeriň kakasy, Muşy Mahlynyň kakasy, Merary Muşyň kakasy, Lewi Merarynyň kakasy.
48 Olaryň garyndaşlary bolan lewiler mukaddes çadyryň – Hudaýyň öýüniň hyzmatyna bellendiler.
49 Harun bilen onuň nesilleri ýakma gurbanlyk sypasynda, ýakymly ysly tütetgi sypasynda sadakalar hödürlediler. Iň mukaddes otagyň ähli işlerini etdiler. Hudaýyň guly Musanyň tabşyryklaryna laýyklykda, olar ysraýyl halkyny günäsinden sapladylar.
50 Ine, şular Harunyň nesilleridir: Harundan Elgazar, Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa,
51 Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy, Uzydan Zerahýa,
52 Zerahýadan Meraýot, Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
53 Ahytupdan Ahymagas doguldy.
54 –55 Lewileriň öz topraklarynda mesgen tutan ýerleri şulardyr: Kohat urugyndan bolan Harunyň ogullarynyň bijesi çykyp, olara Ýahudadaky Hebrony hem-de onuň töweregindäki öri meýdanlary berdiler.
56 Ýöne ol galanyň ekin meýdanlarydyr obalary Ýepunnäniň ogly Kalebe berildi.
57 Harunyň ogullaryna gaçybatalga galalary bolan Hebron we Libna öri meýdanlary bilen bile, Ýatyr we Eştemowa öri meýdanlary bilen bile,
58 Hilen öri meýdanalary bilen bile, Debir öri meýdanlary bilen bile,
59 Aşan we Beýtşemeş öri meýdanlary bilen bilelikde berildi.
60 Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görädir – on üçdür.
61 Kohatlaryň galan nesillerine bije üsti bilen manaşe ýarym tiresiniň paýyndan on gala berildi.
62 Gerşomlara nesilleriniň sanyna görä Ysakar, Aşer, Naftaly hem-de Başandaky Manaşe tirelerinden on üç gala berildi.
63 Merarylara nesilleriniň sanyna görä, Ruben, Gat hem-de Zebulun tirelerinden on iki gala berildi.
64 Şunlukda, ysraýyllar bu galalary öri meýdanlary bilen bilelikde lewilere berdiler.
65 Şeýle hem ysraýyllar lewilere bije üsti bilen ýahuda, şimgon hem-de benýamin tireleriniň atlary agzalan galalaryny berdiler.
66 Kohadyň nesillerinden käbirlerinde efraýym tiresinden alnan galalary bardy.
67 Olara gaçybatalga galalary bolan Efraýym daglaryndaky Şekemi öri meýdanlary bilen bilelikde, şeýle hem Gezeri öri meýdanlary bilen bilelikde,
68 Ýokmegamy öri meýdanlary bilen bilelikde, Beýthorony öri meýdanlary bilen bilelikde,
69 Aýalony öri meýdanlary bilen bilelikde, Gatrimmony öri meýdanlary bilen bilelikde berdiler.
70 Manaşe ýarym tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Aneri, Kohadyň nesilleriniň galan bölegine öri meýdanlary bilen bilelikde Bilgamy berdiler.
71 Gerşomlara: manaşe ýarym tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Başandaky Golany we öri meýdanlary bilen bilelikde Aştaroty;
72 Ysakar tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Daberaty,
73 öri meýdanlary bilen bilelikde Ramody, öri meýdanlary bilen bilelikde Anemi;
74 Aşer tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Maşaly, öri meýdanlary bilen bilelikde Abdony,
75 öri meýdanlary bilen bilelikde Hukogy, öri meýdanlary bilen bilelikde Rehoby;
76 Naftaly tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Jeliledäki Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Hammony, öri meýdanlary bilen bilelikde Kirýataýymy berdiler.
77 Merary urugynyň galanlaryna şu ýerler berildi: Zebulun tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Rimmono, öri meýdanlary bilen bilelikde Tabor,
78 Ýerihodan başlap, Iordanyň aňyrsyna çenli, Iýordanyň gündogar tarapy, Ruben tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde çöldäki Beser, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýahsa,
79 öri meýdanlary bilen bilelikde Kedemot, öri meýdanlary bilen bilelikde Meýpagat;
80 Gat tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Gilgatdaky Ramot, öri meýdanlary bilen bilelikde Mahanaýym, öri meýdanlary bilen bilelikde Heşbon, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýazer.


81