1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 5

Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär.
2 Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykanda bolsa, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy.
3 Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary şulardy: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy.
4 Ýoweliň nesilleri: Şemagýa, Şemagýadan Gok, Gokdan Şimgi,
5 Şimgiden Mika, Mikadan Reýaýa, Reýaýadan Bagal,
6 Bagaldan Beýera doguldy. Beýerany Aşuryň patyşasy Tiglatpileser ýesir edip äkitdi. Beýera rubenleriň tirebaşysydy.
7 Nesil daragtlaryna görä Beýeranyň kowumlary bilen bolan garyndaşlary şulardyr: Ýegiýel baştutan; Zakarýa we Ýoweliň çowlugy, Şemanyň agtygy, Azazyň ogly Bela.
8 Bu rubenler Nebo bilen Bagalmegona çenli uzalyp gidýän Aroger ülkesinde ýaşaýardylar.
9 Gündogara Perat derýasynyň bu tarapyndaky çölüň başlanýan ýerine çenli uzalyp gidýän ýerler hem Belanyň ýerleridi, sebäbi onuň Gilgatda maly juda köpelipdi.
10 Şawulyň döwründe rubenler hagarlar bilen urşup, olary ýeňip, Gilgadyň tutuş gündogaryna ýaýrap, hagarlaryň çadyrlarynda ýaşadylar.
11 Gatlar rubenleriň gapdalynda Salka galasyna çenli bolan Başan ülkesinde mesgen tutdular.
12 Başanda Ýowel iň wajyp urugyň baştutanydy, Şapam ikinji wajyp urugyň baştutanydy, Ýagnaý bilen Şapat bolsa beýleki uruglaryň baştutanydy.
13 Olaryň garyndaşlary kowumy boýunça şulardyr: Mikaýyl, Meşullam, Şeba, Ýoraý, Ýagkan, Ziýa we Eber jemi ýedi.
14 Bular Büzüň taňlygy Ýahdonyň geňligi Ýeşişaýyň gowlugy Mikaýylyň ýuwlugy Gilgadyň çowlugy Ýarowanyň agtygy Hurynyň ogly Abyhaýylyň ogullarydyr.
15 Gunynyň agtygy, Abdyýeliň ogly Ahy bularyň arasynda iň beýik urugbaşydy.
16 Gatlar Gilgatdaky we Başandaky galalarynda hem-de Şaronyň öri meýdanlarynda ýaşadylar.
17 Ýahudanyň patyşasy Ýotam hem-de Ysraýylyň patyşasy Ýarobgamyň döwründe, bularyň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alyndylar.
18 Rubenlerden, gatlardan hem-de manaşe ýarym tiresinden gylyçly-galkanly, ýaý bilen ok atýan, söweş tälimini alan, gulluga taýýar kyrk dört müň ýedi ýüz altmyş sany edermen esgerler bardy.
19 Olar hagarlar, ýeturlar, napyşlar hem-de nodaplar bilen uruşdylar.
20 Olar uruşda Hudaýa ahy-nala edip, kömek alandyklary üçin, hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ählisini ele saldylar. Hudaý olaryň ahy-nalasyna jogap berdi, çünki olar Oňa ynandylar.
21 Olar duşmanlarynyň elli müň düýesini, iki ýüz elli müň dowaryny, iki müň eşegini ele saldylar we ýüz müň adamyny ýesir aldylar.
22 Köp adam öldi, sebäbi bu uruş Hudaýdandy. Şeýdip, rubenler, gatlar hem-de manaşe ýarym tiresi tä sürgünlik döwrüne çenli hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ýerlerinde ýaşadylar.
23 Manaşe ýarym tiresiniň adamlary ýurtda mesgen tutup, Başandan Bagalhermona, Senire hem-de Hermon dagyna çenli ýaýradylar. Olar juda köpdi.
24 Ine, şular olaryň kowumbaşylarydyr: Eper, Ýişgi, Eliýel, Azryýel, Ýermeýa, Hodawýa we Ýahdyýel. Bular batyr ýigitler, meşhur adamlar we urug baştutanlarydy.
25 Emma bular ata-babalarynyň Hudaýyndan dänip, Onuň öz öňlerinde derbi-dagyn eden ýurdunyň halkynyň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna etdiler.
26 Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpilneserdi. Ol rubenleri, gatlary, manaşe ýarym tiresini äkidip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.