1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 23

Dawut öz durmuşyndan razy bolup, ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa etdi.
2 Dawut Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryny, ruhanylary hem-de lewileri ýanyna çagyrdy.
3 Lewileriň otuz we ondan ýokary ýaşlylary hasaba alyndy. Olar jemi otuz sekiz müňdi.
4 Dawut: «Şolaryň ýigrimi dört müňüsi Rebbiň öýünde hyzmat etmelidirler; alty müňüsi baştutanlar hem häkimler,
5 dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi.
6 Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat hem-de Merary atly üç ogluna görä toparlara böldi.
7 Gerşonyň ogullary: Ladan bilen Şimgi.
8 Ladanyň nesilleri: Ýehiýel başy, Zetam, Ýowel – jemi üç,
9 Şimginiň nesilleri: Şelomot, Hazyýel, Haran – jemi üç. Bular Ladanyň kowumbaşylarydy.
10 Şimginiň nesilleri: Ýahat, Zina, Ýeguş, Beriga – jemi dört.
11 Ýahat başy, Ziza indikisidi, ýöne Ýeguş bilen Beriganyň ogullary köp däldi, şoňa görä-de, olar bir maşgala hasap edilýärdiler.
12 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron, Uzyýel – jemi dört.
13 Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary müdimilik Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler.
14 Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar.
15 Musanyň ogullary: Gerşom, Eligezer.
16 Gerşomyň nesli Şebuwal başy.
17 Eligezeriň ogly Rehabýa başy. Eligezeriň başga ogly ýokdur, ýöne Rehabýanyň nesilleri juda köpdi.
18 Ýisharyň nesli Şelomyt başy.
19 Hebronyň nesilleri Ýeriýa başy, Amarýa indikisi, üçünjisi Ýahazyýal, dördünjisi Ýekamgam.
20 Uzyýeliň ogullary: uly ogly Mika we ikinjisi Ýişiýa.
21 Merarynyň ogullary: Mahly, Muşy. Mahlynyň ogullary: Elgazar, Kiş.
22 Elgazar ogulsyz dünýäden ötdi, onuň diňe gyzlary bardy. Olaryň dogany Kişiň ogullary onuň gyzlaryna öýlendi.
23 Muşynyň ogullary: Mahly, Eder, Ýeremot – jemi üç.
24 Ine, şular lewileriň kowumbaşylarydyr we uruglaryna görä hasaba alnandyr. Olar ýigrimi we ondan ýokary ýaşly bolup, Rebbiň öýüne hyzmat etmelidiler.
25 Öň Dawut şeýle diýipdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halkyna dynçlyk berdi; Ol müdimilik Iýerusalimde ýaşaýar.
26 Şeýlelikde, lewiler Rebbiň çadyryny ýa-da Oňa hyzmat üçin ulanylýan beýleki esbaplary ondan-oňa göçürmezler».
27 Dawudyň soňky sözlerine görä, lewileriň ýigrimi hem ondan uly ýaşlylarynyň sany şudy.
28 Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe,
29 Hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek.
30 Şeýle hem olar her gün ertir-agşam Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar.
31 Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.
32 Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.