1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Chapter 9

1 Ysraýyllaryň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alnyp, olar Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahudalar Rebbe biwepalyk edendikleri üçin Babyla sürgün edildi.
2 Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler.
3 Ýahuda, benýamin, efraýym hem-de manaşe tirelerinden Iýerusalimde täzeden ornaşanlary şulardyr:
4 Ýahudanyň ogly Peresiň neslinden: Banynyň ýuwlugy, Imriniň çowlugy, Omrynyň agtygy, Amyhudyň ogly Utaý.
5 Şilon urugyndan: nowbahar ogly Asaýa hem-de onuň ogullary.
6 Zeranyň neslinden: Ýeguwel hem-de onuň garyndaşlary – jemi alty ýüz togsan ýahudalar.
7 Benýaminiň neslinden: Hasenuwanyň çowlugy, Hodawýanyň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu.
8 Ýerohamyň ogly Ýibneýa, Mikriniň agtygy, Uzynyň ogly Ela, Ýibniýanyň çowlugy, Regüweliň agtygy, Şepatýanyň ogly Meşullam.
9 Benýaminler nesil daragtyna görä dokuz ýüz elli alty adamdy. Ýokarda ady agazalanlaryň hemmesi kowumbaşylardy.
10 Dolanyp gelen ruhanylardan: Ýedagýa, Ýehoýaryp, Ýakyn,
11 Ahytubyň gowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, Sadogyň çowlugy, Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly, Hudaýyň öýüniň ýolbaşçysy Azarýa;
12 Malkyýanyň çowlugy, Paşhuryň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa; Immeriň gowlugy, Meşillemitiň ýuwlugy, Meşullamyň çowlugy, Ýahzeranyň agtygy, Adyýeliň ogly Magsaý.
13 Ruhanylaryň sany bir müň ýedi ýüz altmyşdy. Olar kowumbaşylardy we ukyply adamlardy. Olar Hudaýyň öýünde hyzmat etmäge jogapkärdi.
14 Lewilerden: Merary urugyndan Haşabýanyň çowlugy, Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa;
15 Bakbakar, Hereş, Galal; Asafyň çowlugy, Zikriniň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa;
16 Elkananyň geňligi, Asanyň gowlugy, Berekýanyň ýuwlugy, Ýedutunyň çowlugy, Galalyň agtygy, Şemagýanyň ogly Abadýa. Ol netopalylaryň obalarynda ýaşady.
17 Derwezebanlar şulardyr: Şallum, Akup, Talmon we Ahyman. Olaryň garyndaşy Şallum baştutandy.
18 Bular öň şa derwezesiniň gündogar tarapynda goýlupdylar. Olar lewileriň düşelge derwezebanlarydylar.
19 Kora urugyndan bolan Ebiýasabyň agtygy, Koreniň ogly Şallum we onuň kowumdaşy koralar hem ata-babalarynyň Rebbiň mesgenine derwezebançylyk edişleri ýaly, Rebbiň mukaddes çadyryna derwezebançylyk etdiler.
20 Öň Elgazaryň ogly Pinehas olaryň ýolbaşçysy bolupdy. Reb onuň bilen boldy.
21 Meşelemýanyň ogly Zakarýa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda derwezebandy.
22 Derwezebanlyga bellenenleriň hemmesi iki ýüz on iki adamdyr. Olar öz obalarynda nesil daragtyna görä hasaba alyndylar. Olary Dawut bilen görgür Şamuwel jogapkärli wezipä belledi.
23 Şular we olaryň nesilleri Rebbiň öýüniň, ýagny çadyryň derwezebanlarydylar.
24 Derwezebanlar dört tarapdaky – gündogardaky, günbatardaky, demirgazykdaky hem-de günortadaky derwezeleri saklaýardylar.
25 Olaryň obalarynda ýaşaýan doganlary nobatma-nobat her ýedi günden olary görmäge gelmelidiler.
26 Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.
27 Olar gijesine-de Hudaýyň öýüniň golaýynda bolardylar. Çünki ybadathana gözegçilik etmek hem-de her gün irden ony açmak olaryň borjudy.
28 Lewileriň käbirleri hyzmat üçin goýlan enjamlara serederdiler, sebäbi olary sanap äkidip, sanabam getirmelidiler.
29 Olaryň käbirleri beýleki esbaplara, mukaddes enjamlara, saýlama una, şeraba, ýaga, hoşboý ysly zatlara hem-de derman otlara gözegçilik edýärdiler.
30 Ruhany ogullarynyň käbirleri derman otlaryny garyp taýýarlaýardylar.
31 Süýjüli kökeleri bişirmeklik Kora neslinden bolan Şallumyň nowbahar ogly lewi Matytýa tabşyryldy.
32 Kohat neslinden bolan garyndaşlarynyň käbirine Sabat güni üçin hödür çöregi taýýarlamagy tabşyryldy.
33 Lewileriň urugbaşylary bolan aýdymçylar ybadathananyň otaglarynda ýaşaýardylar. Olar başga hyzmatlardan azatdylar, sebäbi olar gije-gündiz hyzmatdadylar.
34 Nesil daragtyna görä lewileriň urugbaşylary şulardylar. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.
35 Gibgonyň kakasy Ýegiýel Gibgon galasynda ýaşaýardy; onuň aýalynyň ady Magakady.
36 Onuň nowbahar ogly Abdon, soňkulary: Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap,
37 Gedor, Ahýo, Zakarýa we Miklot.
38 Miklotdan Şimeýa doguldy. Olar hem garyndaşlarynyň ýanynda Iýerusalimde ýaşadylar.
39 Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
40 Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
41 Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Tahreýa we Ahaz.
42 Ahazdan Ýagra, Ýagradan Alemet, Azmawet we Zimri. Zimriden Mosa doguldy.
43 Mosadan Binga, Bingadan Repaýa, Repaýadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
44 Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan alty ogly bardy. Şular Aseliň ogullarydy.